HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Samarkantda Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň akademiýasy açylar we UNWTO Baş Assambleýasynyň 25-nji ýubileý mejlisi geçiriler

Iýul 13, 2023 | 21:40 |5794
Bu mowzuklar Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen
Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UNWTO) Baş sekretary Zurab
Pololikaşwiliniň duşuşygynda esasylaryň biri boldy. Taraplar UNWTO Baş
Assambleýasynyň Samarkantda 25 ýyllygynyň mejlisine taýýarlyk we ony
geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara forum, 16-20-nji
oktýabr aralygynda özbek şäherinde geçiriler diýip, Özbegistanyň
prezidentiniň administrasiýasynyň metbugat gullugynyň beýanatynda
aýdylýar.Bu mowzuklar Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen
Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UNWTO) Baş sekretary Zurab
Pololikaşwiliniň duşuşygynda esasylaryň biri boldy. Taraplar UNWTO Baş
Assambleýasynyň Samarkantda 25 ýyllygynyň mejlisine taýýarlyk we ony
geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara forum, 16-20-nji
oktýabr aralygynda özbek şäherinde geçiriler diýip, Özbegistanyň
prezidentiniň administrasiýasynyň metbugat gullugynyň beýanatynda
aýdylýar.
Çeşme: president.uz

Bu mowzuklar Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UNWTO) Baş sekretary Zurab Pololikaşwiliniň duşuşygynda esasylaryň biri boldy. Taraplar UNWTO Baş Assambleýasynyň Samarkantda 25 ýyllygynyň mejlisine taýýarlyk we ony geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara forum, 16-20-nji oktýabr aralygynda özbek şäherinde geçiriler diýip, Özbegistanyň prezidentiniň administrasiýasynyň metbugat gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

Hyzmatdaşlygyň çäginde halkara abraýyny ýokarlandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we bilim pudagynda bilelikdäki çäreleriň toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu mowzugyň dowamy bilen söhbetdeşler halkara we öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini göz öňünde tutup, Samarkantda UNWTO-nyň mowzuklaýyn ofisini we Halkara akademiýasyny döretmek mümkinçiligine garadylar.

Mundan başga-da, amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek we ýurda öňdebaryjy maýadarlary, şeýle hem respublikada döwrebap we amatly syýahatçylyk infrastrukturasyny döretmek taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin iri daşary ýurt kompaniýalary we markalary çekmek barada pikir alyşdylar.

Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy – BMG ulgamynyň ýöriteleşdirilen hökümetara edarasy bolup, 158 agza ýurdy, 6 baglanyşykly sebiti, synçy statusynda iki sebiti we 500-den gowrak guramany birleşdirýär. UNWTO- nyň ýokary dolandyryş edarasy her iki ýylda bir gezek çagyrylýan Baş Assambleýadyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026