Sporty söýüjiler häzirki zaman olimpiýa hereketini esaslandyrjynyň çagalykdaky öýünde galarlar


Olimpiýa oýunlarynyň dünýä hyzmatdaşy Airbnb, ýaşaýyş jaýlaryny kärendesine ýerleşdirmegiň we gözlemegiň onlaýn-platformasy janköýerlere Pýer de Kuberteniň, häzirki zaman olimpiýa hereketini esaslandyrjynyň çagalygynyň geçen öýünde galmak mümkinçiligini hödürleýär.
Muny 26-njy iýulda, 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Tomusky olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna bir ýyl galanda etmek bolýar.
Fransiýanyň Normandiý welaýatyndaky düýpli abatlanan Mirwil galasy ýaş Kuberteniň sporta söýgisiniň dörän ýeridir. Hut şu söýgi ahyr netijede ony gadymky Olimiýa oýunlaryny gaýtadan dikeltmäge ruhlandyrdy.
Myhmanlar Kuberteniň şahsy iş otagynda wagt geçirip bilerler, ýadygärlik zatlaryň resmi nusgalary bilen tanyşyp bilerler. Olaryň arasynda – Kuberteniň 1982-nji ýyldaky Olimpiýa manifesti, olimpiýa halkajyklarynyň asyl eskizi bolan resminama we Fransiýanyň 1900-nji ýylda kabul eden birinji tomusky olimpiýa oýunlaryna resmi bilet bardyr.
Olaryň şeýle hem mülküň taryhy otly kortynda Fransiýadan professional Kerolaýn Garsia bilen tennis oýnamaga mümkinçiligi bolar. Maşgala taryhynda hut Şato-de-Mirwiliň çäginde Fransiýada ilkinji gezek uly tennisiň oýnalandygy aýdylýar.
ORIENT habarlar








