ESKATO Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň ýokary derejedäki Syýasy forumynyň çägindäki çäresine gatnaşar


BMG-nyň baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we sosial komissiýanyň (ESKATO) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň 17-nji iýulda ýokary derejedäki Syýasy forumyň çäginde geçirjek ugurdaş çäresine özüniň gatnaşjakdygyny tassyklady.
Bu barada Armida Salsiýa Alişahbana Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen duşuşygynyň barşynda habar berdi- diýip, hemişelik wekilhananyň resmi saýty habar berýär.
ESKATO-nyň howandarlygynda geçjek çäräniň temasy — «Durnukly şäher ulagy: BMG-nyň Baş assambleýasynyň durnukly ulag we DÖM-nyň 11-njisini ýerine ýetirmek üçin Arkadag şäheriniň modeli ýokary derejedäki Maslahatyna taýýarlyk».
Taraplar Türkmenistanyň ESKATO bilen hyzmatdaşlygyny, şol sanda BMG-nyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) çäklerindäki hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň barşynda durnuklly ulag babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri, energetiki hereketlilik we özara arabaglanyşyk, Aziýa-Ýuwaş ummany sebidinde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegi meseleleri aýratyn nygtaldy.
Öz gezeginde Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa ESKATO-nyň dolandyryşyna we sekretariatyna Komissiýanyň Aral deňziniň basseýni üçin BMG-nyň Ýörite maksatnamasyny döretmek meselesi boýunça rezolýusiýasyny kabul etmek prosessine beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi, oňa Türkmenistan tarapyndan üstümizdäki ýylyň maýynda 79-njy sessiýada wekilçilik edildi.
ORIENT habarlar








