Türkmenistanly sungat ussatlary Sankt-Peterburgda Ýelena Obrazsowanyň ýaş opera aýdymçylarynyň bäsleşiginde çykyş ederler


Halkara bäsleşigi çarşenbe güni ikinji tapgyrdan badalga aldy. Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Ukrainadan we Mongoliýadan jemi 56 aýdymçy bäsleşer – diýip, TASS habar berýär.
Bäsleşige gatnaşýanlaryň çykyşlary Sankt-Peterburgyň akademiki kapellasynda geçiriler, bu ýerde opera we wokal söýüjileriň ählisi aýdym-saz bäsleşiginiň barşyna mugt tomaşa edip bilerler.
“Bu ýyl birnäçe sebäplere görä, birinji tapgyry wideo ýazgylar esasynda geçirmeli bolduk. Gatnaşmak üçin jemi 383 ýüztutma saýlandy. Olardan gazanan ballary boýunça 56-sy geçdi. Ýolbaşçylar bäsleşige gatnaşýan 56 adamyň hemmesine 2-nji tapgyra gatnaşmaga rugsat bermek kararyna geldiler, adatça olaryň sany 40-dan geçmeýär” – diýip, bäsleşigiň müdiri we Ýelena Obrazsowanyň Haýyr-sahawat gaznasynyň baş müdiri Natalýa Ignatenko aýtdy.
Guramaçylaryň pikiriçe, bäsdeşlik ýokary derejede bolar, sebäbi dalaşgärleriň arasynda Pýotr Çaýkowskiý adyndaky bäsleşikde baýrak bilen sylaglananlar hem bar. Opera aýdymçylary rus we daşary ýurt kompozitorlarynyň iki wokal eserini we italýan kompozitorynyň opera ariýasyny ýerine ýetirerler.
Jemleýji tapgyr 15-nji iýulda geçiriler, bäsleşige gatnaşýanlar Sankt-Peterburgyň Akademiki kapellasynyň simfoniki orkestriniň sazandarlyk etmeginde iki opera ariýasyny ýerine ýetirerler. Bäsleşigiň netijeleri şol gün jemlenip, baýrak gowşurylyş dabarasy we ýeňijileriň gala konserti bilen tamamlanar.
Bäsleşik Sankt-Peterburgyň Medeniýet komitetiniň goldawy bilen V Halkara aýdym-saz festiwalynyň çäginde geçirilýär. Ýelena Obrazsowanyň ýaş opera aýdymçylarynyň XIV bäsleşiginiň emin agzalarynyň düzümine Russiýadan, Belarusdan, Özbegistandan, Italiýadan we Şweýsariýadan aýdymçylar we sazly teatr işgärleri girýär.
ORIENT news








