Derslere saz goşulanda çagalar matematikadan has gowy netije alýarlar: täze gözleg


Täze seljermede, saz bilen meşgullanmagyň we okuwçylaryň matematikadan ýetişiginiň sebäpli-seljermesi öwrenildi. Alnan netijelere görä derňewçiler sazyň okuwçylar üçin matematikany has gyzykly edýändigini we olaryň droblar ýaly mowzukdaky gorkuzgyny we howaslasyny azaltmaga kömek edýändigini çaklaýarlar. Hat-da sazyň goşulmagy çagalaryň matematikany gowy gormäge we köpräk bilmäge höweslendiribem biler.
Sazyň matematika sapagyna goşulmagynyň adaty usuly, çagalar üçin dürli ritmli aýdymlara goşulyp el çarpmagy, sanlary öwrenmegi we droblary notalara deňemegi öz içine alýar.
Educational Studies žurnalynda çap edilen täze metaseljerme dünýä boýunça 55 gözlegi seljerdi. Oňa çagalar bagyndan uniwersitet ýaşyna çenli 78 000 golaý okuwçy gatnaşdy.
Sazly täsir etmegiň üç görnüşi girizildi: çagalaryň aýdym aýdýan, diňleýän we saz döretmegi öwrenýän adaty saz dersleri; ýekelikde ýa-da toparyň düzüminde saz guralyny çalmagy öwretmek; we matematika dersi saza goşulanda integrirlenen sazly-matematiki dersler.
Okuwçylar täsir etmezden ozal we soň matematika synaglary geçdiler we olaryň netijesiniň üýtgemegini hiçhili saza gatnaşmadyk biriniňki bilen deňeşdirdiler.
Sazy ulanmak – isle aýratyn sapakda ýa-da matematika desiniň bir bölegi bolsun – wagtyň geçmegi bilen matematika boýunça bilimleriň düýpgöter gowulanmagyna getirdi. Onuň ýa-da beýlekiniň bir sapakda ulanylmagy has ähmiýetli netije berdi. Derslerini geçiren okuwçylaryň 73 göterimi, öň hiç saz bilen gatnaşygy bolmadyklara görä has gowy okaýarlar.
Mundan başga-da saz gurallaryny çalmagy öwrenen okuwçylaryň 69 göterimi we adaty saz derslerini geçen okuwçylaryň 58 göterimi, hiç-hili saz bilen arabaglanşygy bolmadyk okuwçylara görä öz netijelerini gowalandyrdylar.
Şeýle hem, netijeler sazyň matematikanyň beýleki bölümlerinden has-da arifmetikany öwrenmäge kömek edýändigini we esasy matematiki düşünjeleri öwrenýän kiçi mekdep okuwçylaryna uly täsir edýändigini görkezdi.
Matematikanyň we sazyň köp umumylyklary bar. Mysal üçin nyşanlaryň we simmetriýalaryň ulanylmagy. Dersleriň ikisi hem abstrakt pikirlenmäni we mukdarda pikir ýöretmäni talap edýär.
Arifmetika esasan saz bilen okamak üçin oňaýly. Sebäbi, droblar we gatnaşyklar ýaly esasy düşünjeler hem saz üçin fundamentaldyr. Dürli uzynlykdaky saz notalaryny droblar görnüşinde göz öňüne getirip we birnäçe saz taktlaryny döretmek üçin goşup bolýar.
Integrirlenen dersler has netijeli bolup biler. Sebäbi olar okaýanlara matematika bilen sazyň arasyndaky baglanşygy ýola goýmaga mümkinçilik döredýär we matematikany öwrenmäge, düşündürmäge we düşünmäge goşmaça mümkinçilikleri berýär.
«Matematika we saz mugallymlarynyň derslerini bilelikde meýilleşdirmäge höweslendirilmeginiň okuwçylaryň matematika babatynda gorkusyny azaltmaga, şeýle hem olaryň ýetişigini ýokarlandyrmaga kömek eder», — diýip Türkiýe, Antalýadaky belek uniwersitetiniň programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak fakultetiniň doktory Aýça Akyn belleýär.
ORIENT news








