HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiye ýangyn flotuny güýçlendirýär

Iýul 11, 2023 | 00:46 |5803
Türkiýe hökümeti 2023-nji ýyldaky ýangyn kampaniýasynyň mehanizmini görkezdi. Gökden ýangyn söndürmek barada aýdylanda, ýöriteleşdirilen flotda 21 uçar, 94 dikuçar we 8 pilotsuz uçar bolup, şeýle hem olara 25 000 ýangyn söndüriji we 120 000 golaý meýletinçiler girýär. Ankaranyň maksady – ýurduň tokaýlarynyň we tokaýly zolaklarynyň gymmatlylygyny goramak.Türkiýe hökümeti 2023-nji ýyldaky ýangyn kampaniýasynyň mehanizmini görkezdi. Gökden ýangyn söndürmek barada aýdylanda, ýöriteleşdirilen flotda 21 uçar, 94 dikuçar we 8 pilotsuz uçar bolup, şeýle hem olara 25 000 ýangyn söndüriji we 120 000 golaý meýletinçiler girýär. Ankaranyň maksady – ýurduň tokaýlarynyň we tokaýly zolaklarynyň gymmatlylygyny goramak.
Çeşme: IHA/dailysabah.com

Türkiýe hökümeti 2023-nji ýyldaky ýangyn kampaniýasynyň mehanizmini görkezdi. Gökden ýangyn söndürmek barada aýdylanda, ýöriteleşdirilen flotda 21 uçar, 94 dikuçar we 8 pilotsuz uçar bolup, şeýle hem olara 25 000 ýangyn söndüriji we 120 000 golaý meýletinçiler girýär. Ankaranyň maksady – ýurduň tokaýlarynyň we tokaýly zolaklarynyň gymmatlylygyny goramak.

«Öňki tejribämize esaslanyp, bu ýyl biz ýangynlara garşy göreşmek ukybymyzy has-da güýçlendirdik. Biz tomusy tokaý ýangyny wakasyz geçirmek isleýäris», — diýip prezident Rejep Taýip Erdogan aýtdy.

Täze çäreleriň çäginde, tokaý ýangynynyň ýüze çykmagynda Turkish Aerospace Industries-iň önümi bolan üç sany T70 suw dikuçary ulanylar.

Airtractor modelli 20 uçardan ilkinji dördüsiniň ýük göterijiligi üç tonna. Olar şolbir wagtda amfibiýadyr we ýerden suw getirmek mümkinçilikli bolup, şu ýyl tokaý ýangynlaryny söndürmek üçin hyzmat ederler. Galanlary bolsa üç ýylyň dowamynda ýurdumyzyň tokaý hojalygynyň Baş müdirliginiň flotuny doldurarlar diýip, Daily sabah ýazýar.

Ondan başga-da tokaý ýangynlaryny söndürmek üçin 4799 ýerüsti ulag serişdeleri (lendrowerler, gurluşyk tehnikasy, çalt hereketleniji ulaglar) göz öňünde tutulýar.

Ýene-de 31 dikuçar, iki uçar we Pilorsyz Uçýan Enjam ätiýaçlyk güýç hökmünde Milli goranmak ministrligi we Içeri işler ministrligi tarapyndan bellenildi.

Tehnologiýalaryň ulanylmagy şeýle hem tokaý ýangynlaryny wagtynda we netijeli söňndürmekde möhüm orun tutýarlar. Ýangyny has ir ýüze çykarmak üçin bar bolan 776 diňden 184-si akylly diňe üýtgedildi we 324 sany kamera ulgamy ýerleşdirildi.

Bu ulgamlar ýangyny kesgitleýär we nobatçy işgäre habar berýär. Türkiýede işlenip düzülen, «Ýangynda karar kabul etmegi goldamagyň ulgamlary» hökmünde belli programma üpjünçilgi meteorologiki maglumatlar esasynda ýangynyň ýaýrama mümkinçiligi bolan ýerleri öňünden kesgitleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

20:25 Oktýabr 14, 2026
BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

20:00 Oktýabr 14, 2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026