Nýu-Ýorkda DÖM-lar boýunça ýokary derejeli syýasy forum başlady


Nýu-Ýorkda, BMG-da, duşenbe güni, 10-njy iýulda Ykdysady we sosial geňeşiň howandarlygynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forum başlady. Çäräniň çäginde 17-inden 19-njy iýul aralygynda üç günlük ministrler bölümi bolar we ECOSOC forumy penşenbe günim 20-nji iýulda tamamlanar.
Mowzuk «Koronawirus keselinden gutulmagy çaltlaşdyrmak (COVID-19) we ähli derejelerde Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyl meýilnamasyny doly durmuşa geçirmek» bolar.
Dünýä geosyýasy dartgynlylyk bilen öjükdirilen, COVID-19 pandemiýasynyň täsiri we howanyň adatdan daşary ýagdaýlary bilen dowam edýän, DÖM-yň gazananlarynda işiň ösüşi haýallamagyna sebäp bolýan agyr maliýe, energetiki, azyk we ynsanperwer krizisler bilen göreşýär.
Bu nukdaýnazardan, gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) üçin COVID-19 pandemiýasynyň ýok edilmegine gönükdirilen, dikeldiş boçunça täsirli we inklýuziw çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar, şeýle hem ähli derejelerde DÖM we 2030-njy ýyl döwrüne çenli gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi üçin hereket edýän syýasy maslahatlary öwrenerler.
Forumda: 6 arassa suw we arassaçylyk boýunça, 7 – elýeterli we arassa energiýa boýunça, 9 – senagat, innowasiýalar we insfrastruktura boýunça, 11 – şäherleriň we aragatnaşyklaryň durnukly ösüşi boýunça, 17 – DÖM gazanmak üçin hyzmatdaşlyk boýunça Maksatlar jikme-jik gözden geçiriler.
Forumda 40 sany çykyş edýänler özleriniň 2030-njy ýyl döwrüne çenli gün tertibini durmuşa geçirmegiň meýletin milli synlaryny geçirerler. Olaryň arasynda 19-njy iýuldaky maksatnamasyna laýyklykda çykyş etjek Türkmenistan hem bolar.
DÖM ösüş bahasyny görkezmek üçin ýurdumyzda eýýäm ady agzalan we BMG ulgamy tarapyndan maslahat berlen bäş maksadyň hatarynda Türkmenistanyň ikinji Meýletin milli syny, ýurduň ösüşiniň esasy strategiki: saglygy goraýyş; hilli we inklýuziw bilim; azyk howpsuzlygy; gender deňligi; adamlaryň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak; howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugurlaryny şöhlelendirýän goşmaça bäş maksady öz içine alýar. Syn, DÖM-yň ýaş ilçileriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti tarapyndan berler.
Şeýle hem, Nýu-Ýorkda ýokary syýasy derejeli forumda aýratyn mejlis Arkadag şäherine bagyşlanar. Ol Türkmenistan hökümeti we BMG ulgamy bilen bilelikde guraldy.
Ondan başga-da forumyň gün tertibinde 2023-nji ýylyň sentýabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan çagyryljak, döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagy bilen DÖM böýunça Sammitine taýýarlyk hem bar.
ORIENT news








