Yssy ýokarlanar: sinoptikler Türkmenistanda öňümizdäki hepdäniň howa maglumaty barada


Öňümizdäki hepde türkmenistanlylary yssynyň 40-44 derejä ýokarlanmagy garaşýar – iň ýokary dereje sişenbe we çarşenbe günleri bolar diýip, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy habar berýär.
Ähli welaýatlarda howanyň derejesi gün-günden ýokarlanar. Jöwzaly howa ýurdumyzyň çäginiň köp bölegini «gurşap alar» - gündizine termometr belligi gije +25-den ... +33-ä çenli, gijesine bolsa +39-dan ... +44 dereje üýtgäp biler.
Sinoptikleriň bellemegine görä, güýçli yssy uzak dowam etmez. Hepdäniň ahyrynda tutuş ýurt boýunça dereje pesip başlar - atmosferadaky günorta akymlar günbatara üýtgär we howanyň derejesi 33-38 derejä düşer. Bu dereje hepdäniň dynç alyş günleri hem saklanar.
Türkmenistanyň tutuş çäginde şu hepde gurak, bölekleýin bulutly howa agdyklyk eder diýlip garaşylýar. 10-12-nji iýulda ýurdumyzyň hemme ýerinde tizlik sekuntda 12-17 metrlik şemalyň güýçlenmegine garaşylýar.
Aşgabatda: howa bulutly bolar, gündogardan gelýän şemal demirgazyk- günbatara tarap üýtgär, tizligi sekuntda 13-15 metrden 7-9 metre çenli bolar. Howanyň derejesi gije +23 ... + 25-den +27 ... + 29 dereje, gündizine +35 ... + 37-den +41 ...+ 43 dereje üýtgäp biler.
ORIENT news








