Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy «XXI asyrda çagalary terbiýelemek» temasyndan forum geçirdi


Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi özüniň Ahal welaýat bölümi we Gujurly bilim merkezi bilen bilelikde Änew şäherinde «XXI asyrda çagalary terbiýelemek» temasyndan forum geçirdiler.
Duşuşyk mugallymlary we terbiýeçileri ýaşlar we çagalar bilen işlemek babatyndaky soňky meýiller bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Diňleýjiler maslahatyň spikerleri — tejribeli mugallymlar we pedagoglar tarapyndan deglip geçilen temalara janly gyzyklanma bildirdiler. Olar sosial torlaryň peýdasy we zyýanly taraplary barada pikir ýöretdiler, şol sebäpli ulularyň çagalary häzirki zaman güýmenjeleriň käbirlerinden çäklendirmelidiklerini aýtdylar.
Beýleki çykyşlar ene-atalar bilen deňeşdireniňde mugallymlaryň okuwçylaryna edýän täsirlerine, maglumaty kabul etmek üçin elektron we kagyz ýüzündäki kitaplaryň aratapawudyna bagyşlandy. Foruma şeýle hem ene-atalar gatnaşdylar, olar spikerlere çagalary terbiýelemek boýunça özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler.
ORIENT habarlar








