Günbatar Aziýa çempionatynda 6 ýaşly türkmen küştçüsiniň bürünç medaly


30-njy iýundan 10-njy iýul aralygynda Gyrgyzystanyň Issyk-Köl kölüniň kenarýakasyndaky Korumdu obasynda 6-18 ýaş aralygyndaky küştçüleriň arasynda Günbatar Aziýa çempionaty geçirildi. Ýaryşlar küştüň üç görnüşi: nusgawy wagt gözegçilik düzgünleri, rapid (çalt oýnalýan küşt) we blis (ýyldyrym çaltlygynda küşt) boýunça geçirildi. Çempionata 9 ýurtdan jemi 300-e golaý türgen gatnaşdy.
6 ýaşa çenli derejede küştüň nusgawy görnüşi boýunça bäsleşikde türkmenistanly 6 ýaşly Begli Annagylyjow diýseň üstünlikli çykyş etdi. Mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk toplan Begli ilkinji üçlüge girmegi başardy.
Ilkinji iki setiri Gazagystanyň türgenleri Madi Majitow (8 utuk) we Sanjar Rahymtaý (7.5 utuk) eýelediler. Begli üçin bu ýaryş halkara arenasyndaky ilkinji tejribe bolandygyna garamazdan, ol mynasyp netije görkezdi.
Begli Aşgabadyň “Küşt älemi” küşt klubunda tälim alýar, bu ýerde tejribeli tälimçi we ýolbaşçy Gurbangeldi Amangeldiýewiň ýolbaşçylygynda başga-da birnäçe zehinli küştçi ussatlygyny kämilleşdirýär.
ORIENT news








