Gurban Berdiýew Mahaçgalanyň “Dinamo” toparyna tälimçilik eder


Bir mahal Kazanyň “Rubin” futbol toparyna tälimçilik eden Gurban Berdiýew indi Russiýanyň Birinji ligasynda çykyş edýän Mahaçgalanyň “Dinamo” toparyna baş tälimçi boldy. Bu barada futbol topary özüniň jemgyýetçilik torunda mälim edýär.
Mahaçgala şäheriniň futbol toparynyň prezidenti Gaji Gajiýewiň mälim etmegine görä, Gurban Berdiýew “Dinamo” futbol topary bilen möhletsiz şertnama baglaşdy. Geçen möwsümde topar Birinji liganyň düzüminde 34 duşuşykda 46 utuk toplap, 8-nji orny eýeledi. Täze möwsümde topar özüniň ilkinji duşuşygyny 15-nji iýulda Moskwanyň “Torpedo” toparyna garşy geçirer.
“Dinamonyň” Mahaçgalany Russiýanyň Premýer-ligasyna çykarmak wezipesi öňümizde dur. Kynlygyna garamazdan, munuň hiç-hili gorkuly zady ýok” diýip, Gurban Berdiýew täze toparyň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny mälim edýär.
ORIENT news








