Arkadag şäherindäki farmasewtiki kärhanalaryň gurluşygyna haýyr-sahawat gaznasyndan serişdeleri bölüp bererler


Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy Arkadag şäherinde ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürmek boýunça kärhanalaryň gurluşygyna serişdeleri bölüp berer. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gaznanyň müdiriýetiniň birinji mejlisinde habar berdi- diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.
Mejlisiň barşynda Gaznanyň öz işiniň dowamynda howandarlyga mätäç 140 çaga amallaryň geçirilmegi üçin serişdeleri bölüp berendigi, şeýle hem olaryň hassahanalarda bejergi alandyklary habar berildi. Welaýatlardaky hassahanalaryň pediatriýa bölümleri üçin «tiz kömek» awtoulaglary satyn alnypdy.
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine Arkadag şäherindäki Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi üçin döwrebäp enjamlar satyn alyndy, şeýle hem daşary ýurtlara ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.
ORIENT habarlar








