Küşt boýunça Türkmenistanyň mekdep çempionatynyň ýeňijileri dünýä çempionatyna gatnaşarlar


8-9-njy iýulda ýurdumyzda ilkinji gezek mekdep toparlarynyň arasynda geçirilen küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň netijeleri jemlendi. Milli küşt federasiýasy we ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan gurnalan ýaryşlar Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçirildi.
Bäsleşige ýurduň ähli welaýatlaryndan 100-den gowrak mekdep okuwçysy gatnaşdy. Bu ýaryş 12 ýaşa çenli we 18 ýaşa çenli - iki ýaş derejesinde 7 tapgyrda geçirildi. Her topar 4 türgenden ybarat bolup, 12 ýaşa çenli derejede – 16 topar, 18 ýaşa çenli derejede 13 topar gatnaşdy.
Barlyşyksyz söweşler 12 ýaşa çenli kategoriýada aşakdaky ýeňijileri ýüze çykardy:
I ýer: Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdep. Mümkin bolan 14 utukdan 11 utuk (tagta boýunça utuklar: mümkin bolan 28-den 19.0).
Toparyň düzümi:
1. Baltaýew Didar
2. Narimanow Yhlas
3. Jumaew Aman
4. Açyldyýewa Laçyn
Mekdep müdiri: Atabally Ballyýew
II ýer: Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdep. Mümkin bolan 14 utukdan 11 utuk (tagta boýunça utuklar: 17.5).
Toparyň düzümi:
1. Myradowa Nebahat
2. Geldimyradowa Altyn
3. Halynýazow Amir
4. Rahmanowa Bahar
Mekdep müdiri: Güljahan Rahmanowa
III ýer: Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 2-nji orta mekdep. Mümkin bolan 14 utukdan 10 utuk (tagta boýunça utuklar: 19.5).
Toparyň düzümi:
1. Ruslanow Mekan
2. Ýegenkulyýew Burhan
3. Amangeldiýew Şamuhammet
4. Ruslanowa Dünýä
Mekdep müdiri: Bibinyýaz Baýjanowa
18 ýaşa çenli kategoriýada ýeňiji toparlar:
I ýer: Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdep. Mümkin bolan 14 utukdan 14 utuk (tagta boýunça utuklar: mümkin bolan 28-den 23.5).
Toparyň düzümi:
1. Gaýbullaýew Sanjar
2. Rüstemow Gurbanmyrat
3. Artykow Begenç
4. Seilhanowa Gulmira
Mekdep müdiri: Atabally Ballyýew
II ýer: Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 27-nji orta mekdep. Mümkin bolan 14 utukdan 11 utuk (tagta boýunça utuklar: 21.0).
Toparyň düzümi:
1. Baýramow Serdar
2. Joraýew Ýunus
3. Nuryagdyýew Süleýman
4. Agamyradowa Mähri
Mekdep müdiri: Oguljemal Aşyrowa
III ýer: Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň 28-nji orta mekdebi. 14-den 11 utuk (tagta boýunça: 17.5).
Toparyň düzümi:
1. Baýramow Baýram
2. Geldimyradow Halym
3. Baýramow Mekan
4. Tüýliýewa Läle
Mekdep müdiri: Musamuhammet Berdiýew
Bu ýaryşda birinji orny eýelän toparlar şu ýyl Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) taryhynda ilkinji gezek mekdep toparlarynyň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny gazandylar. Dünýä çempionaty 3-8-nji awgust aralygynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçiriler.
ORIENT news








