Megan-berhizi, iýip bolýan «gözellik» we sargyda goşulan hakykat - 2040-njy ýylda günortanlyk


Sarp edijilerde giper-şahsylaşdyrylan berhiz, AI, VR we AR bolsa, biziň nahar iýmegimizde has köp orun tutar diýip, Deliveroo hasaplaýar. 2013-nji ýylda Londonda, Angliýada esaslandyrylan we öz 10 ýyllygyny belleýän Deliveroo britan kompaniýasy internet arkaly iýmit eltip bermek bilen meşgullanýar. Häzirki wagtda ol Angliýada, Fransiýada, Belgiýada, Irlandiýada, Italiýada, Singapurda, Gonkongda, BAE-de, Kuweýtde, Katarda we ş.m. iş alyp barýar.

3D printerde çap edilen megan-berhiz (meganizm) we iýmit, 2040-njy ýyla seretmäge synanyşan Deliveroo-nyň täze hasabatyna görä, geljegiň iýmitleriniň we içgileriniň pudagynda tendensiýalaryň sanyna girýär we häzirki trendleriň seljermesiniň esasynda biziň siz bilen ertirligimiziň, günortanlygymyzyň we garbanyşymyzyň birnäçe onýyllyklardan soň nähili boljakdygyny görkezýär.

Meganizm, emeli intellekt tehnologiýasy bilen işleýän giper-şahsylaşdyrylan diýeta hökmünde häsiýetlendirilýär we Deliveroo 2040-njy ýyla çenli adamlaryň maglumatlary birleşdirmek we şahsylaşdyrylan berhiz maslahatlaryny almak üçin tehnologiýany ulanjakdygyny belledi.

Şol bir wagtyň özünde, 3D çap edilen iýmit adamlara halaýan iýmitiniň gurluşyny we daşky görnüşini saýlamaga mümkinçilik berer, demi seljerýän şahsy tehnologiýa enjamy bolsa, ulanyja haýsy iýmit iýmelidigini aýdar. Şeýlelik bilen, EI-iň siziň «süýjüleriňize-de» ýetjekdigine taýyn boluň. Eger-de, mysal üçin siz gök önümleri iýmegi halamaýan bolsaňyz, ol beýniňizi aldatmaga kömek eder. Siz akylly äýnek dakyp iýmitleri halaýan şokolad ýa-da süýjiňiz hökmünde kabul etmek üçin bilersiňiz.

Garramaga garşy doňdurma, gormonlary we dofamini deňleşdirmek üçin menýu ýaly iýilýän gözellik önümleri hem adaty ýagdaýa öwrüler diýip, Deliveroo-nyň futuristik hasabatynda aýdylýar.
Öýüňden çykmazdan meşhur şahslar bilen ýa-da belli we kaşaň ýerlerde wirtual ýa-da giňeldilen hakykatda ýörite naharlar hem adaty ýagdaýa öwrüler.

«Şahsylaşdyrylan azyk önümleri eltip bermek hyzmatlary, edil sanly akym platformalarynyň müşderileriň isleýän zatlaryna düşünmek üçin çaklaýyş gurallaryny we maglumatlary analitikasyny ulanşy ýaly, adamlaryň iýmit zerurlyklaryndan agdyk gelip başlar», - diýip Deliveroo-nyň buýurmasy boýunça geçirilen bilermenleriň gözleginiň esasynda düzülen hasabatda bellenýär.
ORIENT news








