Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Döwlet gullugy akademiýasynda ilkinji magistrler uçurym boldylar

Iýul 08, 2023 | 11:01 |6719
Iki ýyllyk okuw maksatnamasynyň ahyrynda, magistrler “Döwlet dolandyryşyň nazaryýeti” dersinden döwlet synagyny tabşyryp, möhüm temalar boýunça diplom işlerini goradylar.Iki ýyllyk okuw maksatnamasynyň ahyrynda, magistrler “Döwlet dolandyryşyň nazaryýeti” dersinden döwlet synagyny tabşyryp, möhüm temalar boýunça diplom işlerini goradylar.
Çeşme: undp.org

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet dolandyryşy hünäri boýunça 2 ýyllap bilim alan ilkinji magistrler okuwlaryny tamamladylar. Bu barada akademiýanyň uly mugallymy Hajymyrat Pirmuhammedowyň sözlerine salgylanyp, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Döwlet gullugy akademiýasynda magistr bilim derejesi boýunça okuw maksatnamasy Ýewropa Bileleşigi bilen durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda döwlet gullukçylarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak” taslamasynyň çäginde inowasion usullar esasynda düzüldi.

Bu ugur boýunça magistrlik bilimini alanlaryň içinde syýasy partiýalaryň, milli parlamentiň we jemgyeýetçilik guramalarynyň wekilleri, maliýe we ykdysadyýet hem-de ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň hünärmenleri bar. Okuw maksatnamasynyň çäklerinde, olar döwlet dolandyryşy, döwlet maliýe we söwda ulgamy, innowasiýa tehnologiýalary, jemgyýet dolandyryşy, adam serişdelerini ulanmak boýunça bilimleri aldylar.

Iki ýyllyk okuw maksatnamasynyň ahyrynda, magistrler “Döwlet dolandyryşyň nazaryýeti” dersinden döwlet synagyny tabşyryp, möhüm temalar boýunça diplom işlerini goradylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026