Brýusselde geljegiň arassa energetikasyny formirlemekde Türkmenistanyň mümkinçilikleri hödürlenildi


Türkmenistan baý gün çeşmelerinden we tebigy gaz gorlaryndan peýdalanyp, durnukly we ekologiýa taýdan arassa energiýa geljegini formirlemekde öz mümkinçiliklerini doly ulanmagy maksat edinýär. Ýurdumyz 2030-njy ýyldan başlap, ortamöhletleýin geljekde bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejesini gazanmagy we uzakmöhletleýin döwürde zyňyndylaryň derejesini ýyllyk görkezijide düýpli azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow sişenbe güni Brýusseliň Energetika kluby tarapyndan gurnalan "Merkezi Aziýa üçin arassa energiýanyň geljegi" atly maslahatda eden çykyşynda belläp geçdi.
Pälwanow soňky ýyllarda Türkmenistanyň öz önümleriniň СO2 zyňyndylar göwrüminiň ýylyň dowamynda sarp edilen energiýa möçberine gatnaşygyny yzygiderli azaldýandygyny aýtdy. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş jemi içerki önümiň birligine energiýa sarp edilişiniň azaldylmagy bilen utgaşar. Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýasy tebigy gazy çykarmakda, daşamakda we paýlamakda metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreleri işläp düzmek boýunça düzgünleri öz içine alýar.
Türkmenistanyň bu tagallalary we amaly ädimleri halkara guramalary we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Diplomatyň pikiriçe, entek doly öwrenilmedik bu sebit daşary ýurt maýadarlary üçin uly mümkinçilikler döredýär.
– “Energetika taýdan kuwwatly ýurt hökmünde Türkmenistan energiýa çeşmeleriniň önümçiliginiň, daşalmagynyň we ulanylyşynyň howa ýaramaz täsirini azaltmak meselesinden üzňe däl. Biz adamzadyň geljeginiň arassa we durnukly energiýa baglydygyny ykrar edýändigimiz üçin ýaşyl öwrülişigi amala aşyrmagy maksat edinýäris” – diýip, ilçi sözüni dowam etdi.
Türkmenistanda bolup biläýjek taslamalaryň gerimini görkezmek üçin Pälwanow ýurdumyzda ýylyň dowamynda 300 güne golaý güneşli howanyň bolýandygyny, güneşli günleriň dowamlylygynyň bolsa 2500-3000 sagada barabardygyny aýtdy. Gün şöhlesiniň bu bollugy gün energiýasyny netijeli ulanmaga ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanda dünýäniň iň uly çägeli çöllerinden biri bolan Garagum çöli bar. Çöl çägesinde gün şöhlesini siňdirip, ony elektrik energiýasyna öwrüp bilýän ýarymgeçiriji material bolan kremniý bar. Türkmenistanda kremniniň bolmagy ýurdumyzy gün panellerini öndürmekde ony gün fotoelektrik energiýasynyň ösmegi üçin amatly ýere öwürýär.
Häzirki zaman gün panellerini öndürmek üçin ilki bilen kremniy zerur, ol Türkmenistanda artygy bilen bar. Kremniniň oksidleri, ýagny düzüminde köp mukdarda reňkli oksidler bolan kwars çägeleri Türkmenistanyň iki ýatagynda jemlenendir, olaryň balans ätiýaçlyklary, takmynan 83 million tonna barabar. Kwars çägeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan gün energiýasynyň dünýä ornaşdyrylmagyna goşant goşup biler.
Häzirki wagtda Türkmenistanda umumy kuwwatlylygy 10MWt bolan utgaşykly gün we ýel elektrik stansiýalarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem «Türkmenenergo» korporasiýasy ýurduň aýry-aýry ilatly nokatlarynda kuwwatlylygy 6MWt-dan gowrak bolan gün elektrik stansiýalarynyň gurluşygyny meýilleşdirdi.
Gün energiýasyndan başga-da, Türkmenistan wodorod energiýasynyň global ekologiýa we howa meselelerini çözmekde ähmiýetini ykrar edýär. Tebigy gaz gorlarynyň möçberi boýunça dördünji ýeri eýeleýän Türkmenistan wodorod energiýasyny ösdürmek üçin strategik ähmiýete eýe. Wodorod önümçiliginiň 68%-den gowragy tebigy gazyň paýyna düşýär we ony iň amatly usul edýär.

Wodorod energetikasynyň mümkinçiliklerini doly açmak üçin Türkmenistan pudaklaýyn infrastrukturasyny döretmegi maksat edinýär. 2022-2023-nji ýyllar üçin wodorod energetikasy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Ýol kartasy birnäçe toplumlaýyn çäreleri we bu ugra daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça amaly ädimleri göz öňünde tutýar.
Şeýle hem maslahatyň barşynda Sapar Pälwanow «akylly şäher» konsepsiýasyny özünde jemleýän Arkadag şäherini tanyşdyrdy. Bu şäher her tapgyrynda ekologik çemeleşmä esaslanýar. “Akylly öýler”, köçe-ýol hereketiniň “akylly” ulgamlary, suw we energiýa tygşytlaýyş çäreleri, ekologik ulag we ýol häläkçiligi hem-de adatdan daşary ýagdaý barada habar berijiler bilen enjamlaşdyrylan öňdebaryjy wideo gözegçilik ýaly ösen tehnologiýalaryň birleşmegi bu şäheri tapawutlandyrýar. Galyberse-de, bu hyzmatlar we amatlyklar, maýyplara aýratyn üns bermek bilen, jemgyýetiň ähli agzalaryna elýeterli bolar ýaly işlenip düzüldi.
Merkezi Aziýanyň energetika howpsuzlygy we durnukly ösüşi boýunça ilkinji maslahat sebitiň bäş ýurdunyň Brýusseldäki diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň başlygy Tomaş Zdehowskiniň, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň we ÝB guramalarynyň beýleki syýasatçylarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Maslahatyň barşynda Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşyl energiýany ösdürmekdäki ägirt uly mümkinçilikleri bellendi.

ORIENT news








