Türkmenistanyň migrasiýa we serhet gullugynyň işgärleri resminama howpsuzlygy boýunça okuw seminarlaryna gatnaşdylar


ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan ýol resminamalarynyň howpsuzlygy boýunça tälimçiler üçin gurnalan okuw seminarlarynyň tapgyry anna güni deňizýaka Türkmenbaşy şäherinde tamamlandy. Bilermenler umumy we çuňlaşdyrylan okuw maksatnamalary boýunça sapak geçdiler we mundan beýläk-de ýerlerde işgärleri taýýarlamak üçin materiallar toplumyny aldylar.
Okuw iki tapgyrda geçirildi: birinjisi - Türkmenabat şäherinde, ikinjisi – Türkmenbaşyda. Okuw kursy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň bilermenleri tarapyndan geçirildi. Öwredijilik häsiýetli çärä Türkmenistanyň Döwlet serhet we Döwlet migrasiýa gulluklarynyň 26 işgäri gatnaşdy.
Diňleýjiler resminamalary barlamak ulgamy, halkara ülňüleri, tehniki enjamlar we resminamalara gözegçilik ulgamlary boýunça maslahatlar bilen tanyşdylar. Tälimçiler galp resminamalaryň klassifikasiýasyny hödürlediler we olary serhet barlag nokatlarynda tapmagyň serişdeleri barada jikme-jik durup geçdiler.
Seminarlara gatnaşyjylar amaly sapaklarda resminamalary taýýarlamak üçin ulanylýan esasy materiallary kesgitlemegi öwrendiler we olaryň tehnologiki goragynyň ýasama elementleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem, şahsylaşdyrmagyň usullary we aýratynlyklary barada pikir alyşdylar, elektron resminamalary barlamagyň usulyýetini we galplaşdyrmagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi Uilýam Lif geljekki tälimçilere ýüzlenip, ýol resminamalarynyň howpsuzlygy boýunça ÝHHG- BOMCA bilelikdäki okuw maksatnamasynyň resminama gözegçiligi boýunça milli hünärmenleriň galp ýol resminamalaryny ýüze çykarmak we serhetden bikanun geçmegiň öňüni almak üçin amaly we seljeriş mümkinçiliklerini berkitjekdigini aýtdy.
ORIENT news








