Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda nähili durmuş maksatly desgalar gurlar?!


Arkadag şäherinde her biri 320 orunlyk çagalar bagynyň 9-sy, her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si, her biri 30 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 40 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 42 öýli, 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 24-si, her biri 54 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si gurlar.
Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti we Arkadag şäheriniň häkimligi bilelikde şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmaly desgalaryň gurluşygy boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty habar berýär.
Degişli desgalaryň gurluşygyna gatnaşmak isleýän taraplaryň haýyşnamalary şäheriň Arkadag şaýolunyň 30-njy jaýynda ýerleşýän Arkadag şäheriniň häkimliginde 18-nji awgusta çenli kabul edilýär.
ORIENT news








