Ýapon awiakompaniýasy ýolagçylara kärendesine dynç alyş üçin egin - eşikleri hödürleýär


“Japan Airlines” awiakompaniýasy goşsuz uçýan ýolagçylar we jahankeşdeler üçin synag geýim kärendesi hyzmatyny ýola goýdy. Indi syýahatçylar diňe şahsy arassaçylyk esbaplary bilen çäklenip, ýany bilen çemodan almasalar-da bolar. Bu ädim eko syýahatçylygy ösdürmäge ýardam berer – diýip, howaýollarynyň çarşenbe güni beren beýanatynda bellenilýär.
Any Wear (islendik geýim) atly taslamanyň çäklerinde Ýaponiýa barýan syýahatçylar eşikleri bir aý öňünden iki hepdä çenli çäkli kärende möhleti bilen bron edip bilerler. Syýahatçylaryň eginbaşlaryň ölçegini, stilini we reňkini saýlamaga hukugy bar. Egin-eşikler ýolagçy gelmezden ozal onuň baryp düşlejek myhmanhanasyna eltiler. Saparyň ahyrynda geýimler gury arassalama hyzmatyna ugradylar.
Awiakompaniýanyň bu synag hyzmaty 5-nji iýulda hereket edip başlady we 2024-nji ýylyň 4-nji awgustyna çenli dowam eder. Kompaniýanyň pikirine görä, barmaly ýerinde hödürlenýän egin-eşik kärendesi müşderilere "minimal goş bilen syýahat etmek" mümkinçiligini üpjün eder. Aksiýa ekologiýany saýlaýan daşary ýurtly syýahatçylara we Ýaponiýadaky işewür adamlara gönükdirilendir. Awiakompaniýa ýolagçylaryň hasaba alynýan goşlarynyň agramynyň üýtgemesini yzarlar we bu hyzmaty ulanmak bilen uçaryň agramyny azaltmak arkaly kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmagyň netijeliligini barlar.
ORIENT news








