HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Taryhy oýlap tapyş Türkmenistany ýüpekçilik boýunça öňdebaryjy ýurda öwrüp biler

Iýul 07, 2023 | 10:18 |10899
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary taryhda ilkinji gezek Tomus paslynda ýüpek gurçugyndan önüm almagy başardylar. Degişli tejribeler laborotoriýa şertlerinde geçirildi.Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary taryhda ilkinji gezek Tomus paslynda ýüpek gurçugyndan önüm almagy başardylar. Degişli tejribeler laborotoriýa şertlerinde geçirildi.
Çeşme: awtordan

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary taryhda ilkinji gezek Tomus paslynda ýüpek gurçugyndan önüm almagy başardylar. Degişli tejribeler laborotoriýa şertlerinde geçirildi.

Bu boýunça “ORIENT-iň” habarçysy merkeziň biotehnologiýalar kafedrasynyň müdiri Bezirgen Hallyýew bilen söhbetdeş boldy. Onuň aýtmagyna görä, 28-nji iýunda gurçuklarda peýda bolan ilkinji ýüpek alamatlary merkeziň alymlary üçin taryhy waka boldy.

Alymlaryň usullaryny önümçilikde ulanmak arkaly Türkmenistany ýüpek öndürmek boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň sanawyna goşmak bolar. Häzirki wagta çenli ýurdumyzda ýüpekçilik diňe Ýaz paslynda, howanyň 30 gradus ýylylykdan pesde wagty alnyp barylýardy. Çyglygy we howa şertlerini kadalaşdyrmak arkaly indi ýüpekçiligi ýylyň ähli döwründe hem alyp barmak bolar. Merkeziň alymlary ýüpek gurçugyny güýz aýlarynda iýmitlendirmek arkaly gyşda ýüpek almagy hem maksat edinýärler.

Bellenişine görä, ýüpekçilik bilen meşgullanýan hususy taraplar täzeçil usulda ýüpek almak üçin merkeziň alymlarynyň teklipleri arkaly degişli şertleri döretmäge taýýar.

Merkeziň alymlary sentýabr aýynda ösdürip ýetişdirmek üçin kebelegiň tohumlary bolan ýüpek gurçugyny ýygnadylar. Türkmenistanyň günorta we gündogar sebitlerinde tut nahallarynyň köpçülikleýin ekilmegi ýüpek gurçugynyň kebeleklerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatly şertleri döreder. Täze ýüpek gurçugy hytaý görnüşiniň esasynda ösdürilip ýetişdirildi. Ol geljekde Türkmenistanda ýüpek önümçiligini birnäçe esse artdyrmaga ýardam eder. Häzirki wagtda ýurdumyzda her ýyl 2,3 müň tonna töweregi ýüpek hasyly alynýar. Täze usul bu möçberi azyndan 4 esse artdyrmaga şert döreder. Gyzykly ýeri, tomus möwsüminde alnan ilkinji ýüpek hasyly adaty Ýaz paslynda alynýandakydan hiç-hili tapawutlanmaýar. Olar adaty ölçegde, görnüşde we gatylykda ösüp ýetişdiler.

Merkeziň alymlary ýylyň bütin dowamynda ýüpek hasylyny almak barada barlaglar etmän, eýsem, galyndysyz önümçiligi ýola goýmagy hem öňe sürýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýüpek gurçugynyň ölen galyndysy balyklary iýmitlendirmekde, onuň iýmiti – tut ýapraklarynyň we şahalarynyň galyndysy maldarçylygy ösdürmekde ulanylyp bilner.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026