NASA Marsda ýaşaýşy simulirleme üçin kyn synaga badalga berdi


ABŞ-nyň aeronawtika we älem giňişligini barlag etmek boýunça Lindon Jonson adyndaky Milli müdirliginiň Älem merkezinde adamlaryň Marsdaky ýaly şertlerde ýerleşmegini simulirlemek boýunça synaga badalga berdiler. Dowamlylygy 378 gün bolan synagyň şertleri gaty agyrdyr. Şeýlelikde, synagyň tutuş dowamynda oňa gatnaşyjylara meýdany bary-ýogy 170 inedördül metre deň bolan simulýatordan çykmak gadagan edilýär. Olaryň borçlaryna – hemişelik türgenleşik etmek, azyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek, enjamlary döwrebaplaşdyrmak we abatlamak boýunça işjeňlikler, şeýle hem dürli tejribeleri geçirmek girýär. Synag şeýle hem planetanyň üstüne çykmagy öýkünmäni hem göz öňünde tutýar.
Synagyň dowamynda garyndaşlaryň bilen aragatnaşyk etmek hem çäklendirilendir.
Synaga gatnaşyjylaryň biri Ross Brokwelliň aýtmagyna görä, şuňa meňzeş taslamanyň esasy maksady — adamlaryň Gyzyl planetada ýaşaýşyň kynçylyklaryndan baş alyp çykarmak başarmagyny kesgitlemekdir. Ondan başga-da toparyň düzümine — alym-ylmy-barlagçy Kelli Haston, tiz kömek lukmany Natan Jons we ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleriniň mikrobiology Anka Selariu girdiler.
Synagyň ýene-de bir agyr şerti 2023-nji ýylda ABŞ-da orta aýlyk hakyndan üç esse az tölegiň — sagadyna 10 dollaryň kesgitlenmegi boldy. Netijede synagyň her bir gatnaşyjysy bary-ýogy 60 müň dollar alar.
Bu gatnaşyjylary «Marsda diri galmaga» höweslendirmek üçin edilendir.
ORIENT habarlar








