“OPEK+” beýleki döwletleri goşulmaga çagyrýar


Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy (OPEK+) beýleki döwletleri goşulmaga çagyrýar. Gurama özüne agza döwletleriň sanyny köpeltmek arkaly nebit önümleriniň bahalary boýunça çaklamalary aýdyňlaşdyrmagy we netijede dünýä bazarynda durnuklylygy gazanmagy maksat edinýär.
Bu boýunça çagyryş bilen Ekwatordaky Gwineýa döwletiniň dag-magdan senagaty we uglewodorod serişdeleri ministri Antonio Ondo, Azerbaýjanyň energetika ministri Parwiz Şahbazow, BAE-niň energetika ministri Suheýl al-Mazrui we gurama agza beýleki döwletleriň degişli ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Olaryň pikirlerine görä, bu pudaga maýa goýum islegi azalýar, bu bolsa, öz gezeginde nebit eksport edýän ýurtlaryň geljek üçin uly formatdaky dialogy guramagyny talap edýär.
Azerbaýjanyň energetika ministriniň bellemegine görä, ozal nebit pudagyna goýlan maýa goýumlar 900 milliard dollar möçberinde bolan bolsa, 2021-nji ýylda bu görkeziji 300 milliard dollara çenli azaldy.
ORIENT news








