HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Moskwada heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň ilkinji şahsy sergisi açylar

Iýul 05, 2023 | 20:55 |12212
Türkmenistanyň Halk suratkeşi, heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň eserleriniň
şahsy sergisi 15-nji iýulda Moskwa şäheriniň Gündogar halklarynyň sungaty döwlet
muzeýinde açylar. Moskwaly sungaty söýüjileriň ussat heýkeltaraşyň döredijiligi bilen
eýýäm tanyşdygyna seretmezden, türkmen heýkeltaraşynyň elinden çykan ajaýyp
eserler Russiýanyň paýtagtynda birinji gezek sergilenýär – diýip, “Kultura.RF” ýazýar.Türkmenistanyň Halk suratkeşi, heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň eserleriniň
şahsy sergisi 15-nji iýulda Moskwa şäheriniň Gündogar halklarynyň sungaty döwlet
muzeýinde açylar. Moskwaly sungaty söýüjileriň ussat heýkeltaraşyň döredijiligi bilen
eýýäm tanyşdygyna seretmezden, türkmen heýkeltaraşynyň elinden çykan ajaýyp
eserler Russiýanyň paýtagtynda birinji gezek sergilenýär – diýip, “Kultura.RF” ýazýar.
Çeşme: Kultura.RF

Türkmenistanyň Halk suratkeşi, heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň eserleriniň şahsy sergisi 15-nji iýulda Moskwa şäheriniň Gündogar halklarynyň sungaty döwlet muzeýinde açylar. Moskwaly sungaty söýüjileriň ussat heýkeltaraşyň döredijiligi bilen eýýäm tanyşdygyna seretmezden, türkmen heýkeltaraşynyň elinden çykan ajaýyp eserler Russiýanyň paýtagtynda birinji gezek sergilenýär – diýip, “Kultura.RF” ýazýar.

1.jpg

Babasarynyň eserleriniň köpüsi daşary ýurtlarda, hususy ýygyndylarda we Russiýanyň muzeýlerinde duş gelýär. Moskwa sergisinde bolsa awtoryň öz şahsy ýygyndysyndaky işleri görkeziler.

Gündogar halklarynyň sungaty döwlet muzeýinde ussadyň ýokary hünär derejesi we hünär aýratynlyklary barada düşünje berip biljek 40-dan gowrak heýkel we grafika eserleri sergilener. Taslama Türkmenistanyň ajaýyp monumental eserleri döreden öňdebaryjy heýkeltaraşlarynyň biriniň döredijilik işiniň köpgyraňlylygyny, many- öwüşginini açyp görkezer.

2.jpg

Heýkeltaraş dürli materiallar, ýagny agaç, bürünç, daş bilen işleýär. Onuň eserlerine psihologiýa çuňlugy, henek ýa-da çäklendirilen poeziýa, pelsepewi garaýyş mahsusdyr. Sergide soňky dört onýyllygyň dowamynda ýerine ýetirilen 20 töweregi heýkel görkeziler.

Heýkeltaraşlyk eserleri bilen bir hatarda muzeýde 1990–2022-nji ýyllara degişli bolan 40-a golaý grafiki eser hödürlener, esasan-da galam, pastel, flomaster bilen ýerine ýetirilen portretler görkeziler.

3.jpg

Häzir Babasary Annamyradow 82 ýaşynda. Ol “Türkmenistanyň Halk suratkeşi”, “Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hormatly doktory”, “Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň hormatly akademigi” ýaly hormatly atlara mynasyp boldy. Halypa heýkeltaraş ýurdumyzyň Suratkeşler birleşigine 20 ýyla golaý ýolbaşçylyk etdi.

4.jpg

Sergi 27-nji awgusta çenli dowam eder. Gündogar halklarynyň sungaty döwlet muzeýi Moskwa ş, Nikitskiý bulwary, 12A salgyda ýerleşýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026