Russiýada hassalaryň saglyk ýagdaýyna messenjerler arkaly gözegçilik edilip başlandy


Russiýada messenjerleri ulanmak arkaly hassalaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik edilip başlandy. Ýürek ýetmezçilikli hassalaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän bu innowasion ulgam I.M. Seçenow adyndaky Moskwanyň birinji döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. Bu barada “Известия” gazeti habar berýär.
Bu innowasion ulgam hassanyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny dessin habar berýär. Ulgam arkaly hassa her gün saglyk ýagdaýy barada soraglar berilýär. Berlen jogaplar analizlenip, ulgam hassanyň umumy ýagdaýy barada awtomatiki usulda netije çykarýar.
Saglyk ýagdaýy kadaly hasaplanmadyk hassanyň at, familiýasy ulgamda tapawutlandyrylyp görkezilýär. Ony gören lukmançylyk işgäri hassa degişli kömekleri ýa-da maslahatlary bermäge girişýär.
Inoowasion ulgamy degişli hünärmenler mundan beýläk-de kämilleşdirmegi göz öňünde tutýarlar.
ORIENT news








