HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Kuturýeden we fransuz kompozitoryndan bir köýnegiň hekaýasy - olary Türkmenistan bilen näme baglanyşdyrýar

Iýul 01, 2023 | 22:10 |17961
Hekaýa 15 ýyl ozal, ýaş çatynjalaryň – Aşgabatdan işlemek üçin Özbek paýtagtyna gelen täze maşgala Göwher we Roman Guwerneniň hem-de «Buhara skripkasy» saz taslamasynyň çäginde Özbegistana baran meşhur kompozitor Pýer Tilua we aýaly Greta Komuryň  tötänleýin duşuşan ýeri Daşkende bolup geçdi.Hekaýa 15 ýyl ozal, ýaş çatynjalaryň – Aşgabatdan işlemek üçin Özbek paýtagtyna gelen täze maşgala Göwher we Roman Guwerneniň hem-de «Buhara skripkasy» saz taslamasynyň çäginde Özbegistana baran meşhur kompozitor Pýer Tilua we aýaly Greta Komuryň  tötänleýin duşuşan ýeri Daşkende bolup geçdi.
Çeşme: Aşgabatdaky fransuz instituty

Hekaýa 15 ýyl ozal, ýaş çatynjalaryň – Aşgabatdan işlemek üçin Özbek paýtagtyna gelen täze maşgala Göwher we Roman Guwerneniň hem-de «Buhara skripkasy» saz taslamasynyň çäginde Özbegistana baran meşhur kompozitor Pýer Tilua we aýaly Greta Komuryň tötänleýin duşuşan ýeri Daşkende bolup geçdi.

1.jpg

Olaryň arasyndaky «baglanyşyk» derrew diýen ýaly boldy. Aşgabatly jübütiniň Türkmenistanyň medeniýeti we halky baradaky haýran galdyryjy hekaýalary hatda şol wagtlar meşhur Pýer Tilua-da gyzyklandyrypdy. Wagtynyň takmynan 80 göterimini syýahat bilen geçirip, bütin dünýäni aýlanypdy we şol döwürde täsin saz taslamalaryny we kollaborasiýalary döredip, Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bilen ýakyn hyzmatdaşlyga başlapdy.

Emma, onuň Türkmenistana baryp görmek islegi, aýalynda – Ýewropanyň opera aýdymçysynda ýüpek keteniden türkmen etnik stilinde ajaýyp köýnegiň peýda bolmagyndan soň has berkedi.köýnegi oňa asly Türkmenistanly zehinli modelýer-stiist Göwher Guwerne tikipdi.

2.jpg

Türkmen kuturýesinden kaşaň eşik, fransuz aýdymçysynyň her çykyşyndan soň joşgunly öwgüleri alyp başlady. Tomaşaçylaryň beýle täsirini gören Pýer, eşigi hakykatdanam hakyky sungat eserine öwürýän ýurduň medeniýeti we däpleri bilen has ýakyndan tanyşmaga karar berdi.

Şeýlelik bilen, bu iki aýal – biri ajaýyp köýnek döredip, beýlekisi bolsa – onda öwüşgün atyp, kompozitoryň kellesine döredijilik tohumyny «ekdiler».

3.jpg

Ynha indi fransuz kompozitory Pýer Tilua Aşgabatda. Ol operalaryň we köpsanly simfoniýalaryň, orkestrli we kwartetleriň solistleri üçin konsertiň, simfoniki poemalaryň we film üçin sazyň awtory.

Onlarça baýraklaryň we sylaglaryň eýesi Türkmenistan hakynda eser ýazmak üçin geldi. Onuň pikrine görä, kompozisiýa ýewropalynyň türkmeniň saz mirasyna garaýşy bolar.

Pýeriň Türkmenistanyň özboluşly medeniýetine «çümmegi», onuň pikrine görä has «öndürijilikli» boldy. Hepde, gyzykly adamlar we türkmen sungat işgärleri bilen duşuşyk we tanyşlyk bilen doly bolup, her minudyna çenli çäklidi.

4.jpg

― Söhbetdeşlerim maňa gözüň bilen görüp, elin bilen tutup bolmajak, ýöne halkyň häsiýetini, däplerini we mirasyny düşünip boljak örän gymmatly zat berdiler. Men häzir soňra Türkmenistan hakda «gürrüň berýän» saza geçjek ähli maglumaty özüme «siňdirýärin», - diýip Pýer Tilua Orient bilen öz tasalamasynyň aýratynlyklary barada paýlaşdy.

― Men orkestrli ses üçin konsert ýazaryn. Esasy eserlerim hüwdiler bolar. Türkmen dilinde olara «hüwdi» diýilýar. Bul owazly kompozisiýalar – adamyň ilkinji saz bilimi. Sebäbi her ýaňy doglan çaga, ilkinji dünýä inen gününden başlap, ejesiniň, enekesiniň, uýasynyň ýerine ýetirmeginde gulaga hoş gelýän owazy eşidýär. Men türkmen hüwdisiniň köp görnüşlerini diňläp gördüm. Esasanam Çary Nurymowyň «Ses üçin poema» kompozisiýasy täsir galdyrdy, - diýip fransuz myhman sözüni dowam etdi.

5.jpg

― Eýýäm güýzde men Aşgabada täze eswer bilen dolanaryn we konsert bererin. Solisti Germaniýaly operaçy türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestriniň sazandalygynda çykyş eder. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Aşgabatdaky Fransuz institutynyň saýasynda we ýokary okuw mekdebiniň müdiri Roman Guwerneniň şahsy gatnaşmagynda mümkin boldy.

― Bu ajaýyp taslama türkmen saz medeniýetine we taryhyna goşant goşar, meni bolsa, saz arkaly türkmenler we şeýle owadan we syrly ýurt hakda dünýä «gürrüň bermegi» başaran ýewropaly kompozitor hökmünde ýatlarlar diýip umyt edýärin diýip, Tilua aýtdy.

6.jpg

Gulýa Geldiýewa

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026