HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanda lukmançylyk syýahatçylygynyň meşhurlygy barha artýar

Iýul 05, 2023 | 00:05 |6517
Gazagystanda lukmançylyk syýahatçylygy ösýär. Iň meşhur ugurlar
neýro we kardio hirurgiýa, perinatal lukmançylyk, newrologiýa we
stomatologiýa hasaplanýar. Ýylyň başyndan bäri bejergi we anyklaýyş üçin
respublika üç müň adam geldi. Ýylyň ahyryna çenli 8 müň töweregi adamyň
gelmegine garaşylýar – diýip, “Habar 24” habar berýär.Gazagystanda lukmançylyk syýahatçylygy ösýär. Iň meşhur ugurlar
neýro we kardio hirurgiýa, perinatal lukmançylyk, newrologiýa we
stomatologiýa hasaplanýar. Ýylyň başyndan bäri bejergi we anyklaýyş üçin
respublika üç müň adam geldi. Ýylyň ahyryna çenli 8 müň töweregi adamyň
gelmegine garaşylýar – diýip, “Habar 24” habar berýär.
Çeşme: Getty Images

Gazagystanda lukmançylyk syýahatçylygy ösýär. Iň meşhur ugurlar neýro we kardio hirurgiýa, perinatal lukmançylyk, newrologiýa we stomatologiýa hasaplanýar. Ýylyň başyndan bäri bejergi we anyklaýyş üçin respublika üç müň adam geldi. Ýylyň ahyryna çenli 8 müň töweregi adamyň gelmegine garaşylýar – diýip, “Habar 24” habar berýär.

Ylmy-kardiohirurgiýa merkezi Gazagystanyň lukmançylyk ulgamynda buýsanjy we ýeten belent sepgidi hasaplanýar. Bu ýerde ýürege iň çylşyrymly operasiýalar geçirilýär we oňa dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylar gelýär. Şeýle proseduralaryň biri – ýüregiň çep garynjygynyň implantasiýasydyr. Garynjygyň emelä çalşylmagy organyň doly işlemegine mümkinçilik döredýär. Galyberse-de, hassalar donor ýüregine garaşmak meselesinden dynýarlar.

Saglygy goraýyş edaralarynda ornaşdyrylan enjamlar her on ýylda bir gezek täzelenýär, bu bolsa şeýle amallary ýokary derejede amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, gazak lukmanlary daşary ýurtlardan - Günbatar Ýewropadan, Skandinawiýadan, ABŞ we beýleki ýurtlardan gelýän hünärmenler üçin ussatlyk sapaklaryny berýärler.

Gazagystanda operasiýa etdirmek üçin daşary ýurtlular ýörite lukmançylyk ýolhatlaryny satyn alýarlar. Olara hassahanany we lukmany saýlamak, derňewler boýunça onlaýn maslahat, kabul edişlik we myhmanhanada ýerleşdirmek işleri girýär. Operasiýa çylşyrymly bolmasa, hassany şäheriň gözel ýerleri bilen tanyşdyrmak üçin gezelenje çykarýarlar, onuň ýerli däp-dessurlar bilen tanyşmagyna mümkinçilik döredýärler.

Gazagystana ýokary derejeli lukmançylyk kömegini almak üçin hassalar Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Germaniýadan, Türkiýeden we Eýrandan gelýärler. Daşary ýurtly hassalaryň aglaba köpüsi Russiýanyň raýatlarydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026