GDA, BRICS we ŞHG toparlary Ýekaterinburgda geçiriljek uniwersitet sport festiwalyna gatnaşarlar
Iýul 04, 2023 | 20:55 |5833


GDA, BRICS we ŞHG ýurtlaryndan gelen ýaşlar toparlary - jemi 3 müňe golaý türgen Ýekaterinburgda geçiriljek Halkara uniwersitet sport festiwalyna gatnaşar. Uralyň paýtagtynda 19-njy awgustdan 31-nji awgusta çenli sportuň 14 görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler, 193 medal toplumy oýnalar.
«Awgust aýynda GDA, BRICS we ŞHG ýurtlaryndan 70 topar, Uniwersiadadaky derejede ýaly geçiriljek uniwersitet festiwalyna gatnaşmak üçin geler»,-diýip Russiýanyň wise-premýäri Dmitriý Çernyşenko sişenbe güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ministrler kabinetiniň agzalary bilen duşuşygynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.
ORIENT news








