Tatarstanda «Ýüpek ýoly» ýörişiniň çäklerinde synag girişleri geçdi


Tatarstanyň Pestreçin raýonynyň Şali obasynyň golaýynda «Ýüpek ýoly» halkara ýörişiniň çäklerinde synag girişleri boldy. Ol 5-nji iýuldan 15-nji iýul aralygynda geçer. Toparlar öz tehnikasynyň başlama taýýarlygyny synag etdiler.
Işçiler toparynyň agzalarynyň aýtmagyna görä, şeýle girişler diňe bir tehnika üçin däl, sürüjileriň özleri üçin hem möhümdir.
«Käbirleriniň tehnikasy tirkegde geldi, käbirleri özi geldi. Şol sebäpli synag girişleri wagtynda biz tehnikany ýene-de bir gezek sazlaýarys: tormozlary, ruly barlaýarys, topar bilen gatnaşygy ýola goýýarys. Bu hem bize, hem tehnika gyzyşmaga mümkinçilik berýär» — diýip, «КАМАЗ-мастер» toparynyň sürüjisi, «Ralli Dakaryň» ýeňijisi Eduard Nikolaýew belliklerini aýtdy.
«Ýüpek ýoly» on üçünji halkara ralliniň resmi başlanma dabarasy Kazandaky Müňýyllyk meýdançasynda bolar. Ýaryşyň baş baýragynyň — «Ak gaplaňyň» eýesi bolmak üçin gatnaşyjylara 5 241 km aralygy geçmek gerekdir, onuň 2 277 km-i ýokary tizlikli ýerlere girýär.
Ýaryşyň ugry Russiýanyň 13 sebidiniň çäklerinden geçýär.
Ralliniň dabaraly pellesi Moskwanyň Kremliniň diwarlarynyň Wasilýew eňňidinde bolup geçer.
Çapyşyga Türkmenistandan toparlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň awtomobil sporty Federasiýasyna wekilçilik edýän öňki ralliniň ýeňijisi Merdan Toýlyýewe Russiýanyň häzirki hereket edýän çempiony Anton Melnikowyň we LADA Sport ROSNEFT Raid toparynyň iki sürüjisiniň — Dmitriý Woronowyň we Ýewgeniý Suhowenkonyň garşysyna dartgynly göreşde öz adyny goramak gerek bolup durýar.
ORIENT habarlar








