HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Şäher gurluşygy we şäherleşme terendleri Arkadag şäherinde geçirilen halkara forumyň mowzugy boldy

Iýul 04, 2023 | 13:54 |9482
Sişenbe güni Arkadag şäherinde şäher gurluşygy we binagärlik, senagatyň ýokary tehnologiýalary we şäherleşme pudagynda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan halkara konferensiýa geçirildi. Foruma gurluşyk we senagat toplumynyň pudak ýolbaşçylary, türkmen ykdysadyýetiniň bu pudagyna gatnaşýan iri daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.Sişenbe güni Arkadag şäherinde şäher gurluşygy we binagärlik, senagatyň ýokary tehnologiýalary we şäherleşme pudagynda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan halkara konferensiýa geçirildi. Foruma gurluşyk we senagat toplumynyň pudak ýolbaşçylary, türkmen ykdysadyýetiniň bu pudagyna gatnaşýan iri daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Çeşme: orient.tm

Sişenbe güni Arkadag şäherinde şäher gurluşygy we binagärlik, senagatyň ýokary tehnologiýalary we şäherleşme pudagynda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan halkara konferensiýa geçirildi. Foruma gurluşyk we senagat toplumynyň pudak ýolbaşçylary, türkmen ykdysadyýetiniň bu pudagyna gatnaşýan iri daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow maslahaty açyp we Türkmenistanyň täze şäherinde daşary ýurtly wekilleri garşylap, 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde düýbi tutulan we Arkadag şäherini döretmegiň mega-taslamasynda aç-açan öz beýanyny tapan ýurdumyzyň şäher syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryny häsiýetlendirdi.

Ynha, birnäçe ýyldan soň, Kopetdagyň eteginde onuň açylyşy giňden bellenilýär. Şeýle ummasyz işiň gysga wagtyň içinde we özbaşdak amala aşyrylmagy döwletiň ykdysady mümkinçiliginiň subutnamasydyr.

Arkadag şäheri döwlet ähmiýetli şäher satusyna eýe boldy. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, döwlet ähmiýetli şäherler aýratyn administratiw-çäk gurluş hökmünde ýurdumyzyň gurluş bölüminiň subýekti däl-de, gönüden-göni döwletiň subýekti hasaplanýar. Bu derejedäki şäherler, innowasiýalaryň ulgam dörediji merkezi bolany üçin, ýurdumyzyň we ilatly ýerleriň durmuş-ykdysady ösüşinde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu, innowasion dünýä tejribesini, binagärlikde milli stili we ösen tehnologiki goldawy özünde jemleýän «akylly» Arkadag şäherinde öz beýanyny tapdy.

1 министр-1.jpg

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Guwanç Orunowyň konferensiýada gürrüň bermegine görä, täze şäheriň tabşyrylan 1-nji tapgyrynda 715 gektar meýdanda 336 bina we desga gurlan bolsa, ikinji tapgyrda 287 gektar ýerde 139 bina we desgalar, şol sanda 110 ýaşaýyş jaýy gurmak meýilleşdirilýär. Ministr «akylly şäher» konsepsiýasyna laýyklykda, maglumat we aragatnaşyk torlarynyň integrasiýasy esasynda şäher gurluşyny we hyzmatlaryny netijeli dolandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, howpsuzlygy üpjün etmek we daşky gurşawyň talaplaryny berjaý etmäge gönükdirilen ýeke-täk ekoulgamyň döredilendigini belledi.

Şeýlelik bilen, suwy tygşytly peýdalanmak maksady bilen täze şäheriň ähli köçelerinde ýagyş suwlaryny ýygnamak ulgamlary oturdyldy, ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek üçin drenaj ulgamlary üpjün edildi we ýygnan suw arassalaýyş desgalarynda jemlenip, gaýtadan ulanmaga taýýarlanandan soň, şäher baglaryny, gülleri we ýaşyl ýerleri suwarmak üçin iberilýär. Arkadagyň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin, günde 50 000 kub metr kuwwatlylygy bolan häzirki zaman suw arassalaýyş bekedini gurmak meýilleşdirilýär.

Täze şäheriň enjamlaşdyrylmagynda maýyplaryň islegleri hem hasaba alynyp, umumy uzynlygy 130 km bolan taktil ýerüsti görkezijileri oturdyldy. Ýaşaýjylaryň durmuş ýörelgesini dowam etdirmek üçin şäherde 14 km ylgaw we welosiped ýollary düşelen.

Formada çykyş eden halkara kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň hökümetini we halkyny Arkadag şäheriniň açylmagy ýaly taryhy ähmiýetli waka bilen gutladylar, bu barada öz täsirleri bilen paýlaşdylar we «akylly» şäherleri ösdürmekde hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňüne tutdular.

2 буиг.jpg

BUIG Türkmen-iň taslama direktory Adrian Hýu Arkadag şäheriniň, Türkmenistanyň ynamly ädimleriniň, ykdysadyýetiniň depgininiň we türkmen halkynyň bähbidi üçin ösüşiň täze belentliklerine ünsi jemlemeginiň aýdyň mysalydygyny aýtdy. Ol ösen infrastruktura, innowasiýa çözgütleri, ýaşyl tehnologiýalar, öňdebaryjy maglumat we aragatnaşyk ulgamlary şäheriň özboluşly we amatly ekologiki gurşawyny emele getirdi diýip, belledi.

Ol BUIG-iň adyndan, kompaniýanyň Türkmenistan bilen eýýäm 29 ýyldan gowrak wagt bäri hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, işleriň alnyp barylmagynda olaryň netijeleriniň türkmen müşderileriň ähli garaşylýanlaryny we talaplaryny kanagatlandyrar ýaly berlen möhletleriň we ýokary hilli hyzmatlaryň hilini üpjün etmek, iň ýokary howpsuzlyk derejesini saklamak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd. kompaniýasynyň söwda menejeri Kim Munsu, kompaniýanyň müdiriýetiniň başlygy Çong Won-Junyň gutlagyny okap, täze Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň ýene bir gezek Merkezi Aziýa sebitinde Türkmenistanyň esasy ornuny alamatlandyrýandygyny nygtalýandygyny.

Şeýle hem, üstümizdäki ýylyň maý aýynda täze şähere eden şahsy sapary wagtynda bu yhlas bilen meýilleşdirilen taslamanyň beýikligini we gymmatlydygyny duýandygyny nygtady.

Häzirki wagtda «Daewoo Engineering & Construction» «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen iki - ammiak-karbamid dökünini öndürýän zawodyň we superfosfat öndürýän zawodyň taslamasyny taýýarlaýar. Kompaniýa, ekologiýa taýdan arassa Arkadag şäherini döretmek pikiri bilen gabat gelýän Türkmenistanda gök ammiak tehnologiýasy boýunça Merkezi Aziýada ilkinji ekologiýa taýdan arassa dökün zawodyny gurmagy meýilleşdirýär. «Daewoo Engineering & Construction, hemişe Türkmenistanyň gymmatlyklaryny we ileri tutulýan ugurlaryny paýlaşýan hyzmatdaşy bolmaga söz berýär», -diýip Çong Won-Ju ynandyrdy. Ol ýüzlenmesini şu sözler bilen tamamlady: «Aşgabat çölüň gyrasyndaky «aşyklar şäheri» diýlip tanalýan oazisdir. Täze Arkadag şäheriniň hem Türkmenistanyň gülläp ösmeginde deň derejede möhüm orun tutjakdygy şübhesiz».

Şeýle hem, forumda Hyundai Engineering, Kawasaki Heavy Industries, Sumitomo, Çalyk Enerji, Rönesans Inşaat, «Wozroždeniýe», «Altkom dorožnoýe stroitelstwo», «INAS+» we başga kompaniýalaryň wekilleri çykyş etdiler.

Maslahatyň çäginde günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn bölümleriniň ýolbaşçylygy bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026