Türkmenistanyň we türki döwletleriň söwda senagat edaralary özara hyzmatdaşlygy ösdürer


Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň wekili Kemal Weliýew özbek tarapynyň başlangyjy bilen geçirilen Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy. Bu barada özbek internet neşiri habar berýär.
Mejlisiň barşynda Özbegistanda işewürligi we maýa goýum özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen kanunçylyk namalaryna giriizlen üýtgeşmeler barada garaýyşlar öwrenildi. Senagat, telekçilik we söwda ugurlarynda türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen işleriň alnyp baryljakdygy bellendi. Munuň üçin Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň amatly meýdançadygy belendi.
Nobatdan daşary mejlise şeýle hem, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Türki döwletleriň guramasynyň Sekretariatynyň hem-de Türki maýa goýum gaznasynyň wekilleri gatnaşdylar.
ORIENT news








