Dünýäde we Türkmenistanda ilkinji gezek mekdep toparlarynyň arasynda küşt çempionaty geçiriler


Öňümizdäki dynç günleri Aşgabatda mekdep toparlarynyň arasynda ilkinji milli küşt çempionaty guralar.
Ýeňiji topar, eýýäm bir aýdan, ýagny 3-8-nji awgustda Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) taryhynda ilkinji gezek guralýan, mekdepleriň arasynda küşt boýunça dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik etmäge hukuk gazanar. Gazagystanyň kenarýaka şäheri Aktau bu giň gerimli bäsleşigi geçirer.

Iki ýaş kategoriýasynda - 12 ýaşdan 18 ýaşa çenli mekdep toparlary, bu mekdep «dünýä çempionatynda» Türkmenistana wekilçilik etmek üçin bäsleşip bilerler. Çempionat 8-nji we 9-njy iýulda Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt mekdebinde geçiriler.
Topar dört oýunçydan ybarat bolmaly we azyndan bir oglan we bir gyz bolmaly. Bäsleşik, Şweýsariýa ulgamy diýlip atlandyrylýan ulgam boýunça, her göçüm üçin 10 sekunt goşmak bilen 15 minut wagty bolan 7 tapgyrda geçiriler.
Islendik orta mekdebiň ýolbaşçylary ýa-da tälimçileri 7-nji iýula çenli salgylanma boýunça ýüz tutup we bu ýerde ýaryş düzgünleri bilen hem tanyşyp bilerler.

Şeýle hem hyzmatdaşlyga, ýurdumyzyň geljekki nesli üçin möhüm çäräniň bir bölegi bolmak isleýän guramalary we kärhanalary çagyrylýar. Galyberse-de, yzygiderli küşt sapaklarynyň çagalarda logika, ýatkeşlik, ugurtapyjylyk, giňişlik we strategiki pikirlenmek ýaly intellektual başarnyklaryny ösdürýändigi hemmelere mälimdir. Küştüň sport bölegi sabyr, erjellik, garşydaşyňy kesgitlemek we hormatlamak ýaly şahsyýet aýratynlyklarynyň döremegine goşant goşýar.
ORIENT news








