HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Arkadag eko-şäheri ýaşyl innowasiýa üçin geljegi açýar

Iýul 03, 2023 | 23:26 |10757
Arkadag eko-şäheri ýaşyl innowasiýa üçin geljegi açýar
Arkadag şäherinde açylyş dabarasyndan soň badalga alan halkara tematiki
forumlaryň yzygiderligi duşenbe güni ekologiýa we tebigaty goramak meseleleri
boýunça maslahat bilen dowam etdi.Arkadag eko-şäheri ýaşyl innowasiýa üçin geljegi açýar
Arkadag şäherinde açylyş dabarasyndan soň badalga alan halkara tematiki
forumlaryň yzygiderligi duşenbe güni ekologiýa we tebigaty goramak meseleleri
boýunça maslahat bilen dowam etdi.
Çeşme: orient.tm

Arkadag eko-şäheri ýaşyl innowasiýa üçin geljegi açýar Arkadag şäherinde açylyş dabarasyndan soň badalga alan halkara tematiki forumlaryň yzygiderligi duşenbe güni ekologiýa we tebigaty goramak meseleleri boýunça maslahat bilen dowam etdi.

Bu ugurda karar kabul edýän we olary durmuşa geçirýän hünärmenleri, halkara bilermenleri, akademiki jemgyýetiň, işewürleriň we KHBS-iň wekillerini bir ýere jemlän çäräniň maksady – daşky gurşaw, durnuklylyk we ykdysasy täsir jähtlerinden eko-şäheriň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna garamakdan ybarat.

Maslahatyň gün tertibi köpsanly meseleleri öz içine alýar, sebäbi Arkadag şäherinde ornaşdyrylýan ýaşyl we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar, ýerden peýdalanmak we şäher gurluşygy meselelerinden başlap, ulaglary netijeli dolandyrmak, energiýa tygşytlylyk, zyňyndylara we hapalanma gözegçilik, saglyk we ş.m. durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alýar.

Bularyň hemmesi kanunçylyk kadalaşdyrylyşynyň we kanuny goldawyň, syýasy garaýşyň we jemgyýetiň gatnaşygynyň, raýat inisiatiwasynyň, hökümet bilen işewürligiň, ylym we senagatyň bilelikdäki ylalalaşykly hereketleriniň, halkara hyzmatdaşlygyň ýokary derejede ýola goýulmagyny talap edýär.

Şeýlelik bilen, Arkadag şäheriniň ýaşyl ösüşi maýa goýumlary we innowasiýa, adama gönükdirilen täzeçillik, ekologiýa taýdan arassa senagat we sagdyn jemgyýet gurmak üçin daşary ýurt kompaniýalary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilikleri açýar. Bu nukdaýnazardan BMG-niň we onuň guramalarynyň, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň wekilleri “akylly” Arkadag şäheriniň ekologiki strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine goldaw we maslahat bermäge, bilimleri bilen paýlaşmaga we ýurduň ilkinji akylly eko-şäherçesinde uýgunlaşmak üçin iň oňat dünýä tejribesini hödürlemäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026