Krasnodarda çagany halas eden ykmanda ite eýe çykyldy


Krasnodarda meýletinçiler çagany halas etmäge kömek eden iti iki hepde gözlediler. Bu gün gözlegiň üstünlikli tamamlanandygy belli boldy.
Russiýanyň habar beriş serişdeleriniň köpüsinde habar berlen bu waka itiň çasly ses bilen üýrmeginden başlandy. Huşuny ýitirip, köçede ýykylan çagany gören bu jandar yzyny üzmän üýrüp, adamlary “kömege çagyrmaga” başlady. Itiň üznüksis sesine ýoluň garşysyndaky öýde ýaşaýan bir zenan oýanyp, haýwanyň howsala düşmeginiň sebäbini bilmäge howlukdy...
Ýolda huşsuz ýatan çagany gören aýal tiz kömegi çagyrdy. Netijede, oglanjyk keselhana ýerleşdirildi we itiň kömegi bilen oňa wagtynda lukmançylyk kömegi berildi.
Soň mälim bolşy ýaly, ýerli ýaşaýjylar bu iti tanaýan eken. Ol 4 ýyl töweregi köçeleriň birinde ýerleşýän bazanyň çäginde ýaşaýan eken we adamlar oňa köplenç golaýdaky köpgatly jaýlaryň töwereklerinde gabat gelýän ekenler. Mundan ozal hiç kimiň o diýen uly bolmadyk bu janawer bilen işi-pişesi bolmadyk bolsa, bu wakadan soň meýletinçiler iti eýeli etmek we saglygyny bejertmek karary bilen, onuň gözlegine çykýarlar. Gözleg işine hatda bazanyň müdiri hem goşulýar, ol itiň nirededigini habar berene pul baýragyny yglan edýär.
Emma, it bu wakadan soň ýitirim bolupdyr. Belki-de, ol adamlaryň oglanjyk bilen bolan wakada özüni günäkärlemeginden gorkandyr, bolsa-da haýwanyň “adamçylyk” hereketi sylagsyz galdyrylmady. Gözlege gatnaşýanlar iti ozalky ýaşaýan ýerinden 17 km uzaklykda tapdylar. Netijede, oňa şol bazanyň müdiri eýe çykyp, öýüne alyp gitdi. Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda itiň özüni duýşy, ýagdaýy oňat – diýip, gazeta.a42.ru habar berýär.
Ozal Amur oblastynda tokaý jümmüşinde azaşan oglanjygyň itiň kömegi bilen diri galandygy barada habar berlipdi.
ORIENT news








