Russiýada “Louis Vuitton” brendiniň çykaran mikrosumkasyna (ýantorba) kinaýaly jogap peýda boldy


Russiýanyň "Zolotyýe tigry" (Altyn gaplaňlar) döredijilik býurosy barmagyň ujunda ýerleşýän sumkalaryň çäkli neşirini çykardy. Bu özboluşly sungat taslamasy kaşaňlygyň gymmaty barada kinaýaly pikir ýöretme bolup, moda ekologiýasy meselesine ünsi çekýär.
5x2x3mm ölçegli bäş "äpet" nanosumka Nýu-Ýorkda ýerleşýän MSCHF döredijilik topary tarapyndan, Louis Vuitton brendiniň On-the-go sumkalar tapgyrynyň dowamy hökmünde, ýaňy-ýakynda çykarylan mikroskopik ýantorbanyň şekilini gaýtalaýar. 28-nji iýunda bu önüm auksiondan 64 müň dollara satyldy, bu asyl nusganyň bahasyndan 20 esse köpdür.

Russiýanyň art-taslamasynyň awtorlary öz saýtynda ýazýarlar:
“Köçelerde görýän Louis Vuitton sumkalarymyzyň 90%-niň ýasama, başgaça aýdylanda asyl nusgaly brend däldigi barada pikir bar. Olary asyl nusgasyndan tapawutlandyrmak juda çylşyrymly. Biz muny düzetdik. Siz hakda alada edip, logotipdäki harpy – LW – diýip, üýtgetdik we ölçegini 0,5 mm-den 5 mm-e çenli ulaltdyk: ahyrsoňy sumka giňiş we amatly bolmaly! Torba kirpik ýygnamak, ýanyň bilen altyn dänesini götermek, “Barbi” filminiň görkezilişinde saýlanmak we garynja hininde hemmeleri haýrana goýmak üçin örän amatlydyr” – diýip ýazýarlar.
“Altyn gaplaňlar” hem teswir galdyrmakdan gaýtmadylar: “Häzirki zaman sungatynyň çäklerinde, her gün barlyk üçin göreşmeli adaty adamyň nukdaýnazaryndan, bu önüm kaşaň harytlaryň hakyky gymmatlygynyň metaforasy hökmünde çykyş edýär, şol bir wagtyň özünde, ilatyň 1%-ini düzýän biri-biri bilen basdaş “altyn” gatlagyň wekilleri bolsa ýer ýüzüniň iň baý adamy hasaplanýan Bernar Arnonyň sumkalaryna we şuňa meňzeş biderek zatlara pul baryny harçlaýar”.

“Amaly nukdaýnazardan, ýa-da netijelilik taýdan diýeli, LW sumkasy hiç bir babatda asgyn gelenok, käbir ugurlarda hatda MSCHF-li kärdeşleri tarapyndan döredilen LV önüminden üstün çykýan artykmaç taraplary-da bar. Iň bärkisi, onuň bilensosial ulgam üçin, kireýine mikroskop alman, surata düşmek bolar" – diýip, kompaniýanyň wekilleri sözüne goşýarlar.
Olar ýene bir esaslandyrylan delil getirýärler: “Derejeli sarp ediş harytlary näçe ykjam bolsa, tebigata şonça az zyýan ýetirer. Krokodil derisinden bahasy 50 müň ýewrolyk gapjyk, uglerod yzyny galdyrýan ekoderiden edilen ýüzlerçe müň bir-birine meňzeş sumkalarmy ýa-da sözüň doly manysynda gözüň göreji ýaly gorap saklamaly boljak gelşiklije kinniwanja önümler? Jogaby mese-mälim bolsa gerek!
ORIENT news








