«Türkmenaragatnaşyk» agentligi daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär


«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti и Delta Telecom Ltd. » kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasyny baglaşdy.
Resminamalara gol çekişlik dabarasy 2-nji iýulda, ýekşenbe güni «Arkadag şäheri - akylly we ýaşyl tehnologiýalar şäheri» atly halkara konferensiýasynyň çäginde geçirildi.
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi we «NEC Telecommunication Information Technologies» kompaniýasy, telekommunikasiýa, sanlylaşdyrma we aragatnaşyk pudagynda, innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ösdürmekde, kiberhowpsuzlyk pudagynda we beýleki ugurlarda tejribe alyşmak barada ylalaşdylar.
NEC – elektron, kompýuter we telekommunikasiýa enjamlaryny öndüriji Tokioda ýerleşýän dünýäniň iň uly telekommunikasiýa kompaniýalarynyň biridir.

Kawkazda öňdebaryjy operator bolan Azerbaýjanyň Delta Telecom-y bilen internet trafigi we beýleki telekommunikasiýa hyzmatlaryň üstaşyr hyzmatdaşlygy barada ylalaşyga gelindi.
ORIENT news








