HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Yalla" ansamblynyň döredilenine ýarym asyr doldy. Toparyň agzalary Özbegistanyň Prezidenti tarapyndan sylaglandy

Iýul 02, 2023 | 00:14 |10283
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “Ýalla” ansamblynyň agzalaryny
ansamblyň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli orden bilen sylaglady.Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “Ýalla” ansamblynyň agzalaryny
ansamblyň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli orden bilen sylaglady.
Çeşme: uz.kursiv.media

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “Ýalla” ansamblynyň agzalaryny ansamblyň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli orden bilen sylaglady.

“Ýiti zehini, ýokary hünär ussatlygy, köpýyllyk netijeli we döredijilikli işi, özbek estrada sungatynyň ösmegine, onuň halkara derejesinde giňden ýaýbaňlanmagyna, medeni gatnaşyklaryň, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň berkemegine goşan uly goşandy, ýaş zehinleriň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekde, halky, esasanam ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, milli we umumyadamzat gymmatlyklaryna hormat goýmakda gazanan aýratyn üstünlikleri üçin, şeýle-de “Ýalla” ansamblynyň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli...” – diýlip, Özbegistanyň Döwlet Baştutanynyň saýtynda 1-nji iýulda çap edilen Permanda bellenilýär.

2-4.jpg

Permana laýyklykda, ansamblyň çeper ýolbaşçysy Farruh Karimow “El-ýurt hurmati” ordeni bilen sylaglandy, sazandalar Abbos Aliýew, Jawlon Tohtaýew, Timur Halikow we Igor Halikow dagylar bolsa “Dustlik” ordenine mynasyp boldular.

"Yalla" wokal-instrumental ansambly 1970-nji ýyllaryň başynda meşhurlyk gazanyp ugrady. Ol “Siýaý, Taşkent”, “Tri kolodsa”, “Ýalla”, “Bez lýubimyh glaz” ýaly aýdymlary bilen birnäçe nesilleriň mizemez söýgüsine mynasyp boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026