Piklboluň meşhurlygy barha atrýar, sebäbi sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmak hezil we aňsat


"Başlamasy çalt we ýeňil, maşklaryň pes intensiwligi, täze başlaýanlar üçin amatly" – piklbol, umuman şeýle häsiýetlendirilýär. Şol sebäpli, sportuň bu görnüşi frisbiniň ornuny tutdy diýsegem boljak, ol bütin dünýäde sportuň täze meşhur görnüşine öwrüldi.
Piklbol badmintonyň, tennisiň we stoluň üstünde oýnalýan tennisiň aýry-aýry böleklerini özünde birleşdirýän sport görnüşidir. Ony öwrenmek aňsat, ýaşy we ussatlyk derejesi dürli-dürli bolan adamlar üçin elýeterli, ol juda ýönekeý we diýseň gyzykly, bu babatda metbugatda ol çylşyrymlylyk we täze nysakçyllyk bilen baglanyşdyrylýan tennise gapma-garşy goýulýar. Ýöne onuň esasy aýratynlygy - piklbol hemmeler üçin, sportuň bu görnüşi meşhur ýyldyzlarda we öý-hojalykçy zenanlarda, millionerlerde we pensionerlerde, gyzykly güýmenje hökmünde, uly gyzyklanma döredýär.

Piklbol oýnunda tennis raketkalaryna meňzeş, ýöne biraz inedördülräk görnüşli we ulurak raketkalar, topjagazyň ýerine bolsa polimerden ýasalan açyk reňkli şarjagaz ulanylýar, ol tennis topundan birneme kiçiräk we agramy boýunça hem ýeňil. Şaryň deşikleri onuň typma hereketiniň peselmegini üpjün edýär.
Bir tarapdan, urgy şowsuz bolup, topjagaz oýunçylaryň birine degäýende-de, oňa hiç hili şikes ýetmez. Beýleki tarapdan, deşijekler topuň aerodinamikasynyň ýitmegine we howada has haýal hereket etmegine sebäp bolýar. Bu bolsa fiziki ýagdaýy, hüşgärlik derejesi, duýgurlygy we ş.m. aýratynlyklary dürli bolan adamlaryň hemmesiniň hem piklbol oýnap biljekdiginden habar berýär.

Piklbol oýnuna gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň artmagy bilen sport markalarynyň köpüsi täze bazara çykyp ugrady. “Adidas”, “FILA” we “Lululemon” brendleri hatda öz öndürýän harytlarynyň “Piklbol” kategoriýalaryny-da döretdiler.
Häzirki wagtda Halkara piklbol federasiýasyna agza ýurtlaryň sany 60-dan gowrak, ol sportuň olimpiýa görnüşi bolmak üçin talaplara laýyk gelýär. 2030-njy ýyla çenli dünýäde piklbol oýnaýanlaryň sany, takmynan 40 milliona ýeter diýlip, çaklanylýar.

ORIENT news








