“TürkmenTel-2023” Halkara maslahaty “Connect. Innovate. Commerce” şygary bilen geçiriler


“TürkmenTel-2023” Halkara maslahaty “Connect. Innovate. Commerce” şygary bilen geçiriler. Şygar "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew tarapyndan anna güni täze Arkadag şäherinde geçirilen halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda resmi taýdan yglan edildi.
— Akylly şäheriň gurluşygyna işjeň gatnaşmagymyz sebäpli, işimizi täze ugurda giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçiliklere eýe bolduk - diýip, Türkmenistanyň telekommunikasiýa pudagynyň ýolbaşçysy aýtdy.
Akylly şäherlere maýa goýumlary ösüş üçin ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrülýär we Türkmenistan bu ugurda möhüm orna eýedir. Akylly şäherler halkara platformalarda möhüm mowzuga öwrülýär, ol “TürkmenTel-2023” Halkara maslahatynyň hem gün tertibine goşular, oňa aýratyn bölüm bagyşlanar – diýip, Hudaýgulyýew belledi.
— Tehnologiýalaryň amatlylygy, netijeliligi we dowamlylygy üpjün edip, durmuşymyzyň ähli taraplaryna oňyn täsir edýändigini görýäris. Akylly şäherlerdäki täzeçillikler, innowasiýalar raýatlaryň durmuşyny gowulaşdyrmak, çeşmeleri optimizirlemek we ykdysadyýeti ösdürmek üçin çäksiz mümkinçilikleri açýar – diýip, agentligiň başlygy sözüne goşdy.
Ol Maýa goýum maslahatyna gatnaşýanlary “TürkmenTel - 2023” halkara forumyna gatnaşmaga we geljegimiziň aýrylmaz bölegine öwrülýän akylly şäherler pudagynda innowasion pikirleri alyşmaga çagyrdy.
“TürkmenTel” telekommunikasiýa, telemetriýa, ýaýlym enjamlary we IT pudagy boýunça her ýyl geçirilýän halkara maslahat bolup, ol öňdebaryjy kompaniýalaryň gatnaşmagynda bilermenler konferensiýasyny we pudaklaýyn sergini birleşdirýär. 2023-nji ýylda forum 9-10-njy noýabrda Aşgabatda, Söwda-senagat palatasynyň binasynda geçiriler.
ORIENT news








