HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow sowgat iberilen elektromobiller üçin türk Liderine hoşallyk bildirdi

Iýul 01, 2023 | 12:14 |11236
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda özüne we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberilen "TOGG" kysymly elektromobiller üçin hoşallyk bildirdi.Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda özüne we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberilen "TOGG" kysymly elektromobiller üçin hoşallyk bildirdi.
Çeşme: sanayi.gov.tr

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda özüne we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberilen "TOGG" kysymly elektromobiller üçin hoşallyk bildirdi.

Täze ulaglaryň açarlary Arkadag şäheriniň açylyş dabaralaryna barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa gowşuryldy. Döwlet Baştutanlarynyň belleýişleri ýaly, täze "TOGG" kysymly elektromobilleriniň öndürilip başlanmagynyň Türkiýe Respublikasynyň ähli ugurlarda ösüşlere beslenýändiginiň subutnamasydyr.

Öz gezeginde Rejep Taýyp Ärdogan Serdar Berdimuhamedowy täze gaýtalanmajak şähergurluşygy bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanmak berilmegi bilen gutlady. "Smart siti" taslamasy esasynda gurlan şunuň ýaly şäheriň sebitde ýeketäkligi Türkmenistanda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşanydyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin türk Liderine minnetdarlyk bildirip, özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda taraplar birek-biregi Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026