HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝB Merkezi Aziýa bilen durnukly ulag aragatnaşygynyň ýollaryny öwrenýär

Iýul 01, 2023 | 01:15 |10580
Ýewropa Komissiýasy 30-njy iýunda Ýewropa Bileleşigi bilen MA-nyň arasyndaky durnukly ulag baglanyşyklaryna düýpli mümkin bolan maýa goýumlary üçin berk binýady üpjün edýän «Global derwezeler» strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäre hökümndeÝewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag baglanyşyklary baradaky gözlegiň netijelerini çap etdi.Ýewropa Komissiýasy 30-njy iýunda Ýewropa Bileleşigi bilen MA-nyň arasyndaky durnukly ulag baglanyşyklaryna düýpli mümkin bolan maýa goýumlary üçin berk binýady üpjün edýän «Global derwezeler» strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäre hökümndeÝewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag baglanyşyklary baradaky gözlegiň netijelerini çap etdi.
Çeşme: orient.tm

Ýewropa Komissiýasy 30-njy iýunda Ýewropa Bileleşigi bilen MA-nyň arasyndaky durnukly ulag baglanyşyklaryna düýpli mümkin bolan maýa goýumlary üçin berk binýady üpjün edýän «Global derwezeler» strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäre hökümndeÝewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag baglanyşyklary baradaky gözlegiň netijelerini çap etdi.

ÝK-nyň ýolbaşçylygynda we maliýeleşdirmeginde Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Banky (ÝÖTB) tarapyndan 2021-nji ýylyň noýabr aýyndan 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli aralykda geçirilen gözlegde, olaryň ykdysady mümkinçiligini biri-biri we Ýewropa bilen gowulaşdyrmagyň hasabyna ulaltmak üçin Merkezi Aziýa ýurtlaryna maýa goýumy mümkinçilikleriniň we has durnukly ulag aragatnaşygynyň ulgamy beýan edilýär.

«Bu gözleg, Hazar geçelgesini gysga wagtda has netijeli etmek üçin bilelikde işlemäge berk esas bolup durýar», -diýip Halkara hyzmatdaşlygyň komissary Ýutta Urpilaýnen teswir berdi.

Sebitdäki fiziki infrastruktura üçin kesgitlenen we ileri tutulýan maýa goýum zerurlyklaryndan başga-da (täze demir ýollarynyň we awtoýollaryň döwrebaplaşdyrmagy/dikeldilmegi/düşelmegi, portlaryň, hereket ediş düzümleriniň geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, logistika merkezleri, ammarda saklamak we ş.m.) gözlegde çeýe baglanyşyk çäreleri üçin goşmaça işleriň utgaşdyrylan çäreleri teklip edýär. Bular söwdany ýeňilleşdirmek, sanlaşdyrmak, nyrhlary we gümrük amallaryny sazlamak, serhet gözegçiligi we ş.m.

Tekliplerde resmi geçelge dolandyryş edarasyny döretmek, ulag resminamalaryny sanlaşdyrmak, kagyzsyz serhetaşa söwdany giňeltmek, dessin ylalaşyklygy gowulandyrmak, bazary liberallaşdyrmak we utgaşdyrylan nyrh kesgitlemesi bar.

Geografiki taýdan gözlegde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) we ÝB-ne agza 27 döwleti, şeýle hem Gündogar hyzmatdaş ýurtlary, Kawkaz we Türkiýe ýaly Günbatar Balkan ýurtlary birleşdirýän Trans-Ýewropa ulag torunyň arasynda iň durnukly ulag aragatnaşygyny üpjün edýän bar bolan we bolup biljek täze geçelgelere baha berildi.

Ulag görnüşleri barada aýdylanda esasy üns gury ýer (demir ýol we awtoýol) we deňiz (Hazar we Gara deňizler) ugurlaryna boldy.

Gözlegiň netijelerinden soň, 2023-nji ýylyň güýzünde gyzyklanýan taraplaryň jikme-jik geňeşleriniň birnäçesiniň geçiriljekdigi we okuwda kesgitlenen taslamalaryň takyk durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2024-nji ýylyň başynda maýa goýujylar forumynyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Türkmenistan barada aýdylanda bolsa, bu gözlegde ýurduň halkara ulag pudagynda işjeňligini artdyrýandygyny, Merkezi Aziýa bilen Kawkazyň arasynda Hazar deňziniň üsti bilen, ýagny Türkmenbaşy portuň üsti bilen ikinji geçelgesiniň ösmeginde möhüm orun tutýandygy bellenýär. Ýurduň hökümeti demir ýol ulgamynyň üstaşyr mümkinçiligini giňeltmek ýaly täze iri göwrümli infrastruktura taslamalaryna maýa goýmaga uly üns berýär.

Gysga möhletde infrastruktura maýa goýumlarynyň ileri tutulýan zerurlygy Türkmenbaşy-Garabogaz ýolunyň gurluşygy bilen baglanyşykly. Bu Hazar deňziniň basseýnindäki möhüm üstaşyr ýük ugrydyr. Taslama söwda akymlaryny, ýolagçy we ýük daşamagy ýokarlandyrmaga we Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky logistika amallarynyň hilini ýokarlandyrmaga kömek eder.

Orta möhletde infrastruktura maýa goýumlarynyň ileri tutulýan zerurlygy türkmen-gazak serhedinde logistika merkeziniň ösdürilmegi bilen baglanyşykly diýip, hasabatda aýdylýar.

Uzak möhletleýin geljekde iki taslama kesgitlenildi. Bu, Özbegistandaky Nöküse barýan gatnawçylar üçin wagt we pul tygşytlamaga we Türkmenbaşy porty bilen Özbegistan portunyň arasynda has göni baglanyşyk gurmaga kömek etjek Türkmenbaşy-Gyzylgaýa-Köneürgenç ýolunyň durkuny täzelemekdir.

Ikinji taslama, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda demir ýol aragatnaşygyny artdyrjak Uzen-Bolaşak-Bereket liniýasyny giňeltmekdir. Kuwwatlylygyň artmagy goşmaça ýa-da has uzyn razýezdleriň sazlaşmagynda, signalizasiýa dolandyryşynyň kämilleşmegi we otlynyň has çalt bolmagy bilen baglanyşykly bolar diýlip garaşylýar.

Hasabaty taýýarlanlar, köp sanly ministrlikleriň we hökümet bölümleriniň, şeýle hem Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundaky hususy pudagyň wekilleriniň hyzmatdaşlygy we gözleglere goşant goşandyklary üçin minnetdarlyk bildirýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026