HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tutuş hepde manežde! Russiýanyň sirk artistleri täze Arkadag şäherinde çykyş ederler

Iýun 30, 2023 | 23:31 |14189
3-nji iýul, duşenbe güni Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk
sirkinde Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň we Reňkli bulwardaky Moskwa Nikulin
sirkiniň artistleriniň çykyşy başlanýar. Çykyşlar tutuş hepdäniň dowamynda, 9-njy
iýul, ýekşenbe güni hem dowam eder.3-nji iýul, duşenbe güni Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk
sirkinde Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň we Reňkli bulwardaky Moskwa Nikulin
sirkiniň artistleriniň çykyşy başlanýar. Çykyşlar tutuş hepdäniň dowamynda, 9-njy
iýul, ýekşenbe güni hem dowam eder.
Çeşme: worldpodium.ru

3-nji iýul, duşenbe güni Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň we Reňkli bulwardaky Moskwa Nikulin sirkiniň artistleriniň çykyşy başlanýar. Çykyşlar tutuş hepdäniň dowamynda, 9-njy iýul, ýekşenbe güni hem dowam eder.

Russiýaly sirk artistleri Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli muşdaklaryna uly baýramçylyk maksatnamasyny hödürleýärler we hemmeleri öz şüweleňine çagyrýarlar. Rus sirki dünýäniň iň uly sirk mekdepleriniň biridir, onuň, ýaşyna garamazdan, hemmelerde üýtgeşik ýakymly täsirleri galdyrýan öz däp-dessurlary we urp-adatlary bar.

Howa gimnastlary, žonglýorlar, akrobatlar we ekwilibristler özleriniň ussatlyklaryny we ajaýyp başarnyklaryny görkezerler. Şeýle hem tomaşaçylar tälim berlen gaplaňlaryň, ýolbarslaryň, aýylaryň ýerine ýetirýän tilsimlerinden, ukyp-başarnyklaryndan lezzet alarlar. Elbetde, şadyýan we gülkünç masgarabazlaryň hem ýörite taýýarlan çykyşlary bolar.

Arkadag şäheriniň täze sirkine Aşgabatdan hususy awtoulaglar, taksi we 45 belgili awtobus bilen barmak bolar.

Biletleri 30-njy iýundan Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň we Aşgabatdaky Türkmenistanyň döwlet sirkiniň kassalaryndan satyn alyp bilersiňiz. Kassalar sagat 10:00-dan 19:00-a çenli işleýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 361034, 361095 we +99365218320.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026