HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Iýul aýynda Nýu-Yorkda geçiriljek ýokary derejeli forumda Arkadag şäheri boýunça aýratyn bölüm işlär

Iýun 30, 2023 | 21:46 |11106
Arkadag şäheriniň waspy barha artýar we bu tejribe barada has köp zat öwrenmek üçin bütin dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär - diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik  utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko anna güni Türkmenistanyň täze şäherinde geçirilen halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda aýtdy.Arkadag şäheriniň waspy barha artýar we bu tejribe barada has köp zat öwrenmek üçin bütin dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär - diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik  utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko anna güni Türkmenistanyň täze şäherinde geçirilen halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda aýtdy.
Çeşme: orient.tm

Arkadag şäheriniň waspy barha artýar we bu tejribe barada has köp zat öwrenmek üçin bütin dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär - diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko anna güni Türkmenistanyň täze şäherinde geçirilen halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda aýtdy.

Hususan-da, ol BMG-niň aprel aýynda Ženewada geçirilen maslahatynda Arkadag şäheriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we şäheriň BMG-niň ulgamynda hödürlenen tanyşdyrylyşyna ýokary baha berlendigini aýtdy.

“Şeýle-de iýul aýynda Nýu-Yorkdaky ýokary syýasy derejeli forumda Arkadag şäherine bagyşlanan aýratyn sessiýanyň boljakdygyny bellemek biz üçin örän ýakymly. Ol Türkmenistanyň hökümeti we BMG ulgamy bilen bilelikde gurnaldy" – diýip, Şlapaçenko aýtdy.

1.JPEG

Şeýle hem, ol foruma gatnaşyjylara BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň (UNIDO), Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) we BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESCAP), BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-HABITAT) umumy ýolbaşçylygynda bahalandyrma wezipesi bilen Arkadag şäherine baryp görendigi barada gürrüň berdi.

Diplomat baha berme missiýasynyň netijeli utgaşykly işini belläp, goldaw berendigi üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine minnetdarlyk bildirdi. Şlapaçenko: "Hökümetiň baha berme wezipesi bilen täze we heniz gurulmagyny dowam edýän şähere baryp görmegi bize - BMG-niň ýurt toparyna ynanandygy üçin çäksiz minnetdar" - diýdi.

Ol saparyň netijeleriniň oňatdygyny we "biz hökümet bilen BMG-niň ýurt topary üçin bilelikde bu täze ugurda işlemegiň has ýokary netijeleri berjekdigine ynanýarys” - diýip, belledi.

BMG-niň utgaşdyryjysy bu missiýanyň esasy wezipeleri barada durup geçip, onuň maksatlarynyň biriniň Arkadag şäheriniň şäher meýilnamalaşdyrylyşyna, gurluşygyna we dolandyrylyşyna we Täze şäher gün tertibiniň we Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine milli we ýerli derejede täsirini gözden geçirmekden ybaratdygyny aýtdy.

2.JPEG

Ikinji maksat, Arkadag şäheriniň tapgyrlaýyn gurluşygynda gazanylan üstünlikleri we çemeleşmeleri, şol sanda adamlara gönükdirilen akylly şäher usulyýetiniň çäginde dizaýny, ulanylan materiallary we şäheriň umumy durnuklylygyny gözden geçirmekdir.

Üçünjisi - döwlet pudagynyň we telekeçilik ekoulgamynyň akylly şäher döretmekdäki işine, şol sanda şäher ösüşiniň geljekki tapgyrlaryny gowulandyrmak boýunça teklipleri, şeýle hem sanly öwrülişigi, maýa goýumlary goýmak arkaly geljekki şäher ösüş başlangyçlaryny goşmak bilen syn we bahalandyrma.

Dördünjiden, akylly şäher funksiýalary bolan häzirki zaman şäher zolagyny döretmekde wajyp ähmiýete eýe bolan şäherde ulanylan öňdebaryjy tejribeleri we konseptual tehnologiki çözgütleri resminamalaşdyrmak.

Bäşinjisi, Türkmenistan üçin akylly şäher tehnologiýasyna esalanan çemeleşmesini geljekde gowulandyrmak üçin şäheriň taslama işlerinden başlap, gurluşygyna çenli, şäher syýasatynyň, kanunçylygyň, şäher meýilnamasynyň we taslamasynyň hem-de maliýeleşdirmegiň möhüm ugurlaryny kesgitlemek. Bularyň hemmesi, Arkadag şäher taslamasynyň durmuşa geçirilmeginden alnan sapaklary göz öňünde tutmak arkaly kesgitlendi. Şeýle-de, tehniki missiýanyň tekliplerini we maslahatlaryny kesgitlemek maksady bilen Ýol kartasyny işläp taýýarlamak.

Missiýa açyk, howpsuz, berk we durnukly, akylly şäher etraplary we jemgyýetleri ýörelgelerini durmuşa geçirmek üçin edilen tagallalary tassyklady we olara ýokary baha berdi.

3.JPEG

Şlapaçenko missiýanyň netijesine görä, Arkadag şäheri üçin ýer saýlamak meselesine dag tarapdan öwüsýän arassa howa we yssy möwsümde tebigy salkynlyk, arassa we howpsuz suwuň elýeterliligi bilen üpjün edilýän ajaýyp tebigy şertleri göz öňünde tutmak bilen juda oýlanyşykly çemeleşilendigini aýratyn nygtap geçdi.

BMG-niň hünärmenleri Arkadag şäheriniň meýilnamasynyň inklýuziwlik, dürli görnüşlilik we medeni miras, saglyk we abadançylyk, howpsuzlyk we goraglylyk, bilim we kämillik ýaly durnukly şäher ösüşiniň sosial taraplaryny göz öňünde tutýandygyny bellediler.

Meýilnamalaşdyrma we durmuşa geçirme işiniň barşynda maýyplara aýratyn üns bermek bilen hemmeler üçin elýeterlilik göz öňünde tutuldy. Şlapaçenkonyň pikiriçe, töwerekdäki giňişlige, ýaşaýyş jaýlaryna we şäher infrastrukturasyna inklýuziw çemeleşme, daşky gurşaw we maliýeleşdirme meseleleri tutuş ýurt boýunça giňeldilip bilner.

Missiýa dürli ýaşaýyş toplumlaryna, mekdeplere, kitaphanalara, teatrlara we saglygy goraýyş edaralaryna baryp gördi we esasy şäher hyzmatlarynyň iň täze ülňüleri we akylly tehnologiýa çözgütlerini ulanmak arkaly hödürlenýändiginiň şaýady boldy. Suwy innowasion arassalamany, şeýle hem elektrik ulagyna maýa goýumlary bellemegiň özi ýeterlikdir diýip, BMG-niň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy sözüniň üstüni ýetirdi.

"Missiýanyň teklipleri, şol sanda BMG-niň Arkadag şäheri üçin bilelikdäki maksatnamany işläp taýýarlamak teklibi hökümete hödürlendi. Biz geljekde hyzmatdaşlyk etmek üçin Arkadag şäheriniň hökümetiniň we ýerli häkimliginiň teswirlerine we tekliplerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys" – diýip, Şlapaçenko aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026