HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Arkadag şäheri sanly durnukly ösüş tehnologiýalary üçin halkara derejesinde ykrar edildi

Iýun 30, 2023 | 00:22 |8429
Dabaraly ýagdaýda 29-njy iýunda açylan täze Arkadag şäheri, durnukly şäherleşme ugrundaky ajaýyp tagallalary bilen halkara derejesinde ykrar edildi. Şäheriň ekologiýa taýdan arassa we durmuş taýdan inklýuziw şäher gurşawyny döretmek baradaky ygrarlylygyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berildi.Dabaraly ýagdaýda 29-njy iýunda açylan täze Arkadag şäheri, durnukly şäherleşme ugrundaky ajaýyp tagallalary bilen halkara derejesinde ykrar edildi. Şäheriň ekologiýa taýdan arassa we durmuş taýdan inklýuziw şäher gurşawyny döretmek baradaky ygrarlylygyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berildi.
Çeşme: tdh.gov.tm

Dabaraly ýagdaýda 29-njy iýunda açylan täze Arkadag şäheri, durnukly şäherleşme ugrundaky ajaýyp tagallalary bilen halkara derejesinde ykrar edildi. Şäheriň ekologiýa taýdan arassa we durmuş taýdan inklýuziw şäher gurşawyny döretmek baradaky ygrarlylygyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berildi.

Arkadag şäheriniň açylyşynyň çäginde Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda täze şäheriň dürli ugurlarda gazanan üstünliklerini tassyklaýan halkara şahadatnamalaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Olaryň arasynda: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Arkadag şäheriniň ýaşaýyşyň hil düzümini ýokarlandyrmaga gönükdirilen gurluşy hem-de aňrybaş tehnologiýalar, amallar we çeşmeleri arkaly häzirkizaman şäher ösüşi üçin Minnetdarlyk Şahadatnamasy; Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) «XXI asyryň şäheri» atly ýörite şahadatnamasy; «Türki dünýäsiniň ilkinji «akylly» şäheri» atly Şahadatnama; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň «Paýtagtlaryň we iri şäherleriň halkara assambleýasy» assosiasiýasynyň Şäher gurluşygynda «Akylly şäher» maksatnamasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilendigi mynasybetli diplomy; Türki dünýäsiniň inženerler we arhitektorlar birleşiginiň Arkadag şäheri taslamasy Türk dünýäsi şäherçilik ýörite nyşanyna mynasyp hasaplanylandygy barada Şahadatnama; Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüş guramasynyň (UNIDO) 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň gün tertibiniň inklýuziw we durnukly senagat ösüşine (ISID) gönükdirilen dördünji senagat öwrülişigiň (4IR) sanly tilsimatlaryny ulanmak arkaly «akylly» şäheri gurmak babatda goşandy üçin Minnetdarlyk Güwänamasy we ş.m.

Şeýle hem, Arkadag şäheri UNEP, UNESCAP, UN-Habitat, Ähliumumy Ýaşyl ösüş institutynyň, Russiýa Federasiýasynyň Gurluşyk we ýaşaýyş-kommunal hojalyk ministrliginiň Merkezi ylmy-barlag we meýilnamalaşdyryş institutynyň, Ermenistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň Şahadatnamalary; Arhitektorlar Bileleşiginiň Halkara Assosiasiýasynyň Diplomy bilen sylaglandy.

Mundan başga-da, «Guinnes» rekordlar kitabynyň «539 adamyň gatnaşmagynda iň uly bagbançylyk sapagy» atly Şahadatnamasy gowşuryldy.

Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasyna - KTQ International (Germaniýa) we Philips (Gollandiýa) tarapyndan şahadatnamalar berildi. UNESCO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça Instituty, Arap ligasynyň bilim, medeniýet we ylmy guramasy sanly ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan «akylly şäheriň» açylyşy mynasybetli Gutlag hatyny iberdiler.

Şeýle hem 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Kaliforniýanyň El Kahon şäherinde we ABŞ-nyň Lincoln uniwersitetinde «Arkadag güni» diýlip yglan edilendigi barada Proklamasiýalary berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026