Türkmenistandan we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ýaş zehinler Duşenbede geçirilen saz festiwalyna gatnaşdy


Türkmenistandan, Özbegistandan, Türkiýeden, Pakistandan, Hindistandan, Owganystandan, Russiýadan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan ýüzlerçe çaga Täjigistanda başlanan III «Zehinli ýaşlar» çagalaryň we ýetginjekleriň çeper döredijilik festiwalyna gatnaşdy. Bu barada «Howar» habar berýär.
Dürli halklaryň däpleri we medeniýeti bir sahnada birleşdi. Zehinli ýaşlar üç kategoriýada: wokal, horeografiýa we saz gurallaryny çalmakda bäsleşýärler. Bu döredijilik «söweşleri» Täjigistanyň paýtagtynda «Duşanbe şäheriniň çagalar we ýetginjekler merkezi» döwlet edarasynyň binasynda bolar.
Bu günler festiwalyň çäginde ýetginjek suratkeşleriniň II halkara sergisi hem guralar.
Bäsleşige gatnaşanlaryň her biri hormat haty bilen sylaglanar. Ýeňijilere bolsa kuboklar we başga ýurtda şuňa meňzeş festiwala gatnaşmaga mümkinçilik berler.
ORIENT news








