Penşenbe güni täze Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli feýerwerk dabarasy we dronlaryň şüweleňi bolar
Iýun 29, 2023 | 15:40 |8434


Täze Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy mynasybetli köpöwüşginli ajaýyp feýerwerk penşenbe güni merkezi seýilgähiň şäher meýdançasynda sagat 21:30-da başlar. Baýramçylyk feýerwerkini diňe bir merkezden däl, eýsem şäheriň beýleki etraplaryndan, şol sanda Aşgabatdan hem synlamak bolar.
Şeýle hem, şol gün dronlaryň şüweleňi geçiriler.
Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda türkmen paýtagtyndan 30 km günorta-günbatarda ýerleşýän Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryň başlandygyny ýatlatmak isleýäris.
ORIENT news








