HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Arkadag şäherinde 300-den gowrak desga açylyp ulanmaga berildi

Iýun 29, 2023 | 13:40 |11719
Arkadag şäheriniň birinji tapgyryny ulanmaga bermegiň çäginde şu gün - 29-njy iýunda birbada 300-den gowrak desga dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda 10 mü orunlyk stadion, döwlet drama teatry, myhmanhana, döwlet sirki, orta hünär okuw mekdepleri, atly sport akademiýasy, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi we beýleki desgalar bar.Arkadag şäheriniň birinji tapgyryny ulanmaga bermegiň çäginde şu gün - 29-njy iýunda birbada 300-den gowrak desga dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda 10 mü orunlyk stadion, döwlet drama teatry, myhmanhana, döwlet sirki, orta hünär okuw mekdepleri, atly sport akademiýasy, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi we beýleki desgalar bar.
Çeşme: tdh.gov.tm

Arkadag şäheriniň birinji tapgyryny ulanmaga bermegiň çäginde şu gün - 29-njy iýunda birbada 300-den gowrak desga dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda 10 mü orunlyk stadion, döwlet drama teatry, myhmanhana, döwlet sirki, orta hünär okuw mekdepleri, atly sport akademiýasy, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi we beýleki desgalar bar.

Aşgabat şäherinden 30 kilometr uzaklykda ýerleşýän täze döwlet ähmiýetli şäheriň dabaraly açylyşy şu gün - 29-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.

2.jpg

Açylan desgalaryň 258-si 2, 5, 7, we 9 gatdan ybarat ýaşaýyş jaýlary dur. Olarda 40,5 müň adam iň ýokary amatlyklary ýaşap biler. Ýaşaýyş jaýlary "akylly" öý taslamasy esasynda enjamlaşdyrylyp, öýüň dolandyryşyny Internet üsti bilen uzak aralykdan gözegçilik edip bolýar. Şeýle hem, öýüň ýylylygyny we çyglylygyny bu tehnologiýalaryň kömegi bilen sazlap bolýar.

3.jpg

"Akylly" şäheriň möhüm jemgyýetçilik desgalarynyň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk Onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Tiz kömek merkezi we Saglyk öýi bar.

4.jpg

Medeni ugurly desgalaryň hatarynda bu ýerde Görogly adyndaky döwlet atly sirki, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana bina edilipdir. Şeýle hem, bu ýerdäki köpugurly sport toplumynda, 10 müň orunlyk stadionda sportuň oýun we söweş görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler bar.

5.jpg

Ýurdumyzyň ilkinji "akylly" şäheriniň birinji tapgyrynda 10 sany mekdebe çenli çagalar edaralary, her biri 720 orunlyk daşary ýurt dillerini okatmaga ýöriteleşdirilen 2-nji, 3-nji we 4-nji orta mekdepleri, lukmançylyk we mugallymçylyk orta hünär okuw mekdepleri ulanmaga berildi. Bilim edaralary iň soňky okuw, barlag we lingafon enjamlary bilen üpjün edilipdir. Olaryň kömegi bilen okatmagyň öňdebaryjy usullaryndan peýdalanmaga ähli mümkinçilikler bar.

6.jpg

Täze şäheriň ekologiýa we "ýaşyl" tehnologiýalar talaplaryna hem aýratyn üns berlipdir. Şu nukdaýnazardan, täze açylan şäher abraýly halkara guramalarynyň we birleşmeleriniň 20-den gowrak güwänamalaryna mynasyp boldy. Şolaryň hatarynda "Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde inoowasion çözgütler esasynda durnukly, "ýaşyl" tehnologiýalara esaslanýan daşky gurşawa zyýansyz şäherleri ösdürmek" maksatnamasyna goşulýandygy hakynda güwänama hem bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026