Türkmen diplomatlary Bişkekdäki GDA-nyň çäginde Daşary işler ministrliginiň arasyndaky geňeşmelere gatnaşdylar


GDA ýurtlarynyň diplomatlary, çarşenbe güni Bişkekde Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň çäginde, daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky «Täze kynçylyklara we howplara garşy göreşmek» mowzugy boýunça geňeşmelerde döwrebap kynçylyklara we howpsuzlyga abanýan howplara garşy göreşde özara gatnaşygy ara alnyp maslahatlaşdylar.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, şu ýyl bu çärä Ermenistanyň, Belarusiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti we GDA-nyň Terrorçylyga garşy wekiliýetleri gatnaşdy. Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekilleri bu ugurda birleşigiň agza döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda dürli halkara platformalarynda orunlaryny mundan beýläk-de utgaşdyrmak isleýändiklerini tassykladylar.
Duşuşyk her ýyl geçirilýär we Arkalaşygyň agza döwletleriniň daşary işler ministrlikleriniň wekillerini terrorçylyk, şol sanda onuň maliýeleşdirilmegine garşy durmak mümkinçiligi, şeýle hem ekstremizm we kanun daşy neşe söwdasy ýaly umumy howpsuzlyk howplaryna garşy göreşde köp sanly hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemleýär diýip, Russiýanyň diplomatik gullugy habar berýär.
ORIENT news








