HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ombudsmeniň edarasy ÝUNISEF bilen bilelikde Türkmenistanyň welaýatlarynda çaganyň hukuklary boýunça seminarlary geçirdi

Iýun 28, 2023 | 21:50 |6137
Türkmenistanyň Ombudsmeniniň edarasy we BMG-niň Çagalar gaznasynyň
ýurdumyzdaky wekilhanasy (ÝUNISEF) maý-iýun aýlarynda Ahal, Balkan we Mary
welaýatlarynda çagalar bilen işleýän döwlet işgärleri üçin çaganyň hukuklaryny
goramak we öňe sürmek barada habardarlygy ýokarlandyrmak boýunça birnäçe okuw
maslahatlaryny geçirdi.Türkmenistanyň Ombudsmeniniň edarasy we BMG-niň Çagalar gaznasynyň
ýurdumyzdaky wekilhanasy (ÝUNISEF) maý-iýun aýlarynda Ahal, Balkan we Mary
welaýatlarynda çagalar bilen işleýän döwlet işgärleri üçin çaganyň hukuklaryny
goramak we öňe sürmek barada habardarlygy ýokarlandyrmak boýunça birnäçe okuw
maslahatlaryny geçirdi.
Çeşme: UNICEF in Turkmenistan

Türkmenistanyň Ombudsmeniniň edarasy we BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy (ÝUNISEF) maý-iýun aýlarynda Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda çagalar bilen işleýän döwlet işgärleri üçin çaganyň hukuklaryny goramak we öňe sürmek barada habardarlygy ýokarlandyrmak boýunça birnäçe okuw maslahatlaryny geçirdi.

Bu seminarlar 2023-nji ýyl üçin Bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäginde gurnalýar we ilatyň iň ejiz gatlaklarynyň, şol sanda çagalaryň we maýyp adamlaryň hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmek üçin garaşsyz gözegçiligiň milli mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

2.jpg

Okuwlar Änewde, “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda we Mary şäherinde geçirildi. Olara Mejlisiň deputatlary, sebit dolandyryş, prokuratura, kazyýet, polisiýa, Raýat Ýagdaýynyň Namalarynyň Ýazgysyny bellige alyş (RÝNÝ) edaralarynyň, Adwokatlar kollegiýasynyň, Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, mekdepleriň, saglyk öýleriniň we KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatlarynyň dowamynda döwlet işgärleri çaganyň hukuklary, şol sanda BMG-niň çaganyň we saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli adamlaryň hukuklary barada konwensiýalary, çaganyň bähbitlerini göz öňünde tutmak arkaly hukuklaryny goramagyň we üpjün etmegiň ýollary hakynda halkara we milli kanunlar baradaky bilimlerini çuňlaşdyrdylar.

― Biz Ombudsmeniň edarasyna welaýatlarda çagalar bilen işleýän hünärmenler bilen seminarlary geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris we her bir çaganyň durmuşyny gowulaşdyrmak, milli ileri tutulýan ugurlaryň durmuşa geçirilmegine we ýurduň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek üçin hemmämiz birek-birekden köp zatlary öwrenip bileris, diýip umyt edýäris – diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Muhammet Faýýazi aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026