HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Günorta Koreýanyň ýaşaýjylary 28-nji iýundan resmi taýdan iki ýyl “ýaşarar”

Iýun 28, 2023 | 00:25 |6575
Günorta Koreýada 28-nji iýunda ýaş hasaby ulgamy üýtgedilýär, ýurtda
halkara ýaş hasaplama ulgamyna laýyk düzgünleri kabul edýän täze
kanun resmi taýdan güýje girer. Respublikada bu mesele boýunça
“koreý çemeleşmesi” ýatyrylyp, ýurduň raýatlarynyň ýaşy çarşenbe güni
1 ýa-da 2 ýaş kemeler – diýip, Time žurnaly habar berýär.Günorta Koreýada 28-nji iýunda ýaş hasaby ulgamy üýtgedilýär, ýurtda
halkara ýaş hasaplama ulgamyna laýyk düzgünleri kabul edýän täze
kanun resmi taýdan güýje girer. Respublikada bu mesele boýunça
“koreý çemeleşmesi” ýatyrylyp, ýurduň raýatlarynyň ýaşy çarşenbe güni
1 ýa-da 2 ýaş kemeler – diýip, Time žurnaly habar berýär.
Çeşme: Shutterstock

Günorta Koreýada 28-nji iýunda ýaş hasaby ulgamy üýtgedilýär, ýurtda halkara ýaş hasaplama ulgamyna laýyk düzgünleri kabul edýän täze kanun resmi taýdan güýje girer. Respublikada bu mesele boýunça “koreý çemeleşmesi” ýatyrylyp, ýurduň raýatlarynyň ýaşy çarşenbe güni 1 ýa-da 2 ýaş kemeler – diýip, Time žurnaly habar berýär.

Ýurduň parlamenti degişli kanuny geçen ýylyň ahyrynda kabul etdi. Tutuş dünýäde ulanylýan täze doglan çaga nol ýaş berip, her ýyl doglan gününde oňa 1 ýyl goşma düzgüni Günorta Koreýada 1960-njy ýyldan bäri ulanylýar, ýöne bu ýaş hasaplama ulgamy diňe saglygy goraýyş ulgamynda adamyň fiziki ýaşyny kesgitlemek üçin ýörgünlidir. Şeýle hem, ol kazyýet işlerinde we käbir beýleki ugurlarda ulanylýar.

Günorta Koreýada adat bolan iki ulgam bar. Birinjisi - täze doglan çaga 1 ýaş berilýär, soňra bolsa Aý senenamasy boýunça Täze ýylyň ilkinji gününde oňa 1 ýyl goşulýar. Ikinjisi – çaga doglanda, nol ýyl ýazylyp, her ýylyň 1-nji ýanwarynda 1 ýaş goşulýar.

Adaty ýaş hasaplaýyş ulgamyna geçilende, 28-nji iýundan başlap, ýurduň käbir ýaşaýjylary resminamalaryna görä 1 ýa-da 2 ýyl ýaşyny ýitirerler. Mysal üçin, 2002-nji ýylyň 31-nji dekabrynda doglan koreýaly halkara ulgama görä 8-nji dekabrda 19 ýaşady, respublikada kabul edilen iki ulgama görä bolsa - ol 20 ýa-da 21 ýaşynda.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026