HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Hytaýda geçiriljek “Ýüpek ýoly” halkara medeni sergisine gatnaşar

Iýun 27, 2023 | 23:12 |6911
Türkmenistan 2023-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda Hytaýyň Gansu
welaýatynyň Donghuan şäherinde geçiriljek “Ýüpek ýoly” 6-njy Halkara medeni
sergisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin çagyryldy.Türkmenistan 2023-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda Hytaýyň Gansu
welaýatynyň Donghuan şäherinde geçiriljek “Ýüpek ýoly” 6-njy Halkara medeni
sergisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin çagyryldy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistan 2023-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda Hytaýyň Gansu welaýatynyň Donghuan şäherinde geçiriljek “Ýüpek ýoly” 6-njy Halkara medeni sergisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin çagyryldy.

Çakylyk bu welaýatyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Pekindäki ilçihanasyna saparynyň barşynda yglan edildi. Wekiliýete Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Gansu welaýatynyň maglumat ministri Çžan Ýunsýa ýolbaşçylyk etdi.

Delegasiýanyň ýolbaşçysy türkmen diplomatlaryny sebitara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek nukdaýnazaryndan welaýatyň mümkinçilikleri bilen tanyş etdi. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň ähli döwürlerde-de häzirki döwürde häzirki zaman talaplaryna laýyklykda giňeldilmegi we ösdürilmegi mümkin bolan taryhy we medeni gatnaşyklaryň özara baýlaşdyrylmagynda möhüm rol oýnandygyny belläp geçdi. Şu ýyl altynjy gezek geçiriljek “Ýüpek ýoly” (Donghuan) Halkara medeni sergisi şeýle özara gatnaşyklara anyk mysal bolup biler.

Türkmenistanyň HHR-däki ilçisi myhmanlara ýurduň dünýä jemgyýetçiligine goşýan medeni we siwilizasiýa goşandy barada gürrüň berdi, şeýle hem döwletiň ykdysady we jemgyýetçilik ösüşi, energetika, ulag-logistika mümkinçilikleri barada jikme-jik maglumat berdi.

Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty myhmanlara Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý diline terjime edilen "Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi" atly kitabynyň nusgalaryny gowşurdy.

Orient news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026